Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Özbegistanda 11 aýda syýahatçylaryň sany ilkinji gezek 10 milliondan geçdi

Dekabr 30, 2025 | 15:55 |4921
Özbegistan syýahatçylyk ulgamynda täze taryhy rekordy goýdy. Statistika baradaky agentligiň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylyň 11 aýynyň dowamynda ýurda 10,7 million daşary ýurt raýaty gelip gördi. Bu bolsa syýahatçylyk akymynyň ilkinji gezek şeýle ýokary derejä ýetendigini görkezýärÖzbegistan syýahatçylyk ulgamynda täze taryhy rekordy goýdy. Statistika baradaky agentligiň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylyň 11 aýynyň dowamynda ýurda 10,7 million daşary ýurt raýaty gelip gördi. Bu bolsa syýahatçylyk akymynyň ilkinji gezek şeýle ýokary derejä ýetendigini görkezýär
Çeşme: yuz.uz

Özbegistan syýahatçylyk ulgamynda täze taryhy rekordy goýdy. Statistika baradaky agentligiň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylyň 11 aýynyň dowamynda ýurda 10,7 million daşary ýurt raýaty gelip gördi. Bu bolsa syýahatçylyk akymynyň ilkinji gezek şeýle ýokary derejä ýetendigini görkezýär. Geçen ýyl bilen deňeşdirilende ösüş 47,4 göterim boldy.

Syýahatçylaryň esasy bölegi däp bolşy ýaly Merkezi Aziýanyň goňşy ýurtlaryndan gelýär. Gelenleriň sany boýunça öňdebaryjy ýurtlar Gyrgyzystan (3 million adam), şeýle hem Gazagystan we Täjigistan bolup, bu ýurtlaryň hersinden 2,5 million raýat geldi.

Ilkinji bäşligi Russiýa (923,8 müň) we Owganystan (429,4 müň) jemleýär. Şeýle hem sebite iň uly gyzyklanma bildirýän ýurtlaryň onlugyna Hytaý, Türkiýe, Hindistan, Günorta Koreýa bilen birlikde Türkmenistan hem girdi (341,4 müň adam).

Bir ýylyň dowamynda syýahatçylaryň sanynyň 3,5 million adam köpelmegi döwlet tarapyndan amala aşyrylýan özgertmeleriň netijeliligini görkezýär. Wiza düzgünleriniň ýönekeýleşdirilmegi, infrastruktura ösüşi we milli brendiň daşary ýurtlarda işjeň mahabatlandyrylmagy öz oňyn netijesini berýär.

Syýahatçylyk pudagy ýurduň ykdysadyýetiniň hakyky ösüş hereketlendirijisine öwrülýär. Bilermenleriň çaklamalaryna görä, ýylyň ahyryna çenli bu görkeziji has-da artar we Özbegistan sebitiň esasy syýahatçylyk merkezi hökmündäki ornuny pugtalandyrar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
«Medeniýet we Syýahat» žurnaly Gadymy Merwe syýahat guraýar

«Medeniýet we Syýahat» žurnaly Gadymy Merwe syýahat guraýar

22:17 Awgust 15, 2026
Aşgabatda mekdep üçin zerur zatlaryň hemmesini nireden satyn almaly: «Atlas» kanselýariýa harytlaryna onlaýn sargyt hyzmatyny işe girizdi

Aşgabatda mekdep üçin zerur zatlaryň hemmesini nireden satyn almaly: «Atlas» kanselýariýa harytlaryna onlaýn sargyt hyzmatyny işe girizdi

22:10 Awgust 15, 2026
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp anna güni Ormuz bogazyny tiz wagtdan ABŞ-nyň çägi diýip yglan etjekdigini aýtdy

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp anna güni Ormuz bogazyny tiz wagtdan ABŞ-nyň çägi diýip yglan etjekdigini aýtdy

21:00 Awgust 15, 2026