HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Gumanoid tikinçilik sungatyny özleşdirdi: emeli aňyň täze öňegidişligi

Dekabr 29, 2025 | 15:30 |4691
Hytaýyň TARS Robotics kompaniýasy ýumşak matalar bilen işläp bilýän roboty tanyşdyrdy. Tomaşaçylaryň gözüniň alnynda gumanoid robot sapagy iňňä bilen ünsli geçirip, çylşyrymly nagyşy keşdeläp çykdyHytaýyň TARS Robotics kompaniýasy ýumşak matalar bilen işläp bilýän roboty tanyşdyrdy. Tomaşaçylaryň gözüniň alnynda gumanoid robot sapagy iňňä bilen ünsli geçirip, çylşyrymly nagyşy keşdeläp çykdy
Çeşme: prnewswire

Hytaýyň TARS Robotics kompaniýasy ýumşak matalar bilen işläp bilýän roboty tanyşdyrdy. Tomaşaçylaryň gözüniň alnynda gumanoid robot sapagy iňňä bilen ünsli geçirip, çylşyrymly nagyşy keşdeläp çykdy. Bu uly täzelige öwrüldi, sebäbi çeýe materiallar bilen işlemek enjamlar üçin elmydama iň kyn meseleleriň biri bolup gelýärdi.

Mata hemişe görnüşini üýtgedýär, şonuň üçin robot diňe hereketleri gaýtalamak bilen çäklenip bilmez. Ol sapagyň dartgynlygyny duýmaly we her bir üýtgeşmä dessine uýgunlaşmaly. Şu wagta çenli beýle takyklyk diňe adam ellerine mahsus hasap edilýärdi.

Bu üstünlik TARS DATA AI PHYSICS tehnologiýasynyň netijesinde gazanyldy. Inženerler emeli aňy diňe buýruklary ýerine ýetirmäge däl-de, predmetleriň fizikasyna düşünmäge öwretdiler. Ilki robot sanly gurşawda türgenleşýär, soňra bolsa kemsiz başarnyklaryny ýalňyşsyz hakyky durmuşa geçirýär.

Baş direktor Çen Ilunyň sözlerine görä, tikinçilik diňe bir mysaldyr. Şol bir tehnologiýa robotlara uçarlar üçin çylşyrymly sim ulgamlaryny ýygnamaga, elektronikada bölekleri gurnamaga we lukmanlara mikrohirurgiýada kömek etmäge mümkinçilik berer.

Taslama eýýäm 240 million dollar möçberinde maýa goýumyny özüne çekdi. Senagat tarapyndan ýokary islegiň bolmagy ýakyn wagtda şeýle gumanoidleriň önümçiligiň iň inçe we takyk ugurlarynda adamlaryň ornuny tutjakdygyny tassyklaýar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

23:55 Oktýabr 23, 2026
Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

23:15 Oktýabr 23, 2026
Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

22:45 Oktýabr 23, 2026