HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Hytaýyň alymlary beýni-kompýuter interfeýsi synagyny üstünlikli tamamladylar

Ýanwar 01, 2026 | 18:10 |4645
Çeşme: orient.tm

Hytaýyň alymlary Şanhaý şäherinde ýurduň ilkinji doly bedene ornaşdyrylan, simsiz we köpugurly, öz içinde batareýasy bolan beýni-kompýuter interfeýsi önüminiň synagyny üstünlikli tamamladylar.

Fudan uniwersitetiniň Huaşan hassahanasynda üstünlikli geçirilen synag halkara derejesinde ikinji ulgam bolup, sekiz ýyldan bäri ysmaz keselinden (egninden aşaky bedeniň ysmazlygy) ejir çekýän 28 ýaşly näsag üçin täze umyt döretdi.

Beýni-kompýuter interfeýsiniň enjamyny ulanýan näsag indi diňe pikir arkaly kursory dolandyryp, internet sahypalaryna göz aýlap, oýunlary oýnap, şeýle hem howa ellikleri, maýyplaryň ýokary tehnologiýaly oturgyjy we öý ulgamlary, hatda adam şekilli robotlar ýaly dürli enjamlar bilen baglanyşyp bilýär. Bu barada önümiň işlenip taýýarlanylmagyna gatnaşan NeuroXess atly Hytaý taslamasynyň esaslandyryjysy we baş alymy Tao Hu habar berdi.

“Näsaglar pikirleri arkaly enjamlar bilen baglanyşyp bilýärler. Bu bolsa olaryň meýilleriniň sanly giňişlik bilen, şeýle hem hakyky üç ölçegli dünýä bilen baglanyşmagyna mümkinçilik berýär,” diýip, Tao Hu aýtdy.

Beýni-kompýuter interfeýsiniň ulgamynyň ähli esasy görnüşleri, şol sanda batareýasy hem, doly görnüşde näsagyň bedenine ornaşdyrylyp, deriniň ýüzünde hiç hili daşky sim ýa-da port bolmaýar.

Alymlaryň bellemegine görä, şeýle usul açyk gurşawlara mahsus bolan ýokanç keselleriň ýokuşmak howplaryny aradan aýyrýar. Simsiz energiýa üpjünçiligi we maglumat geçiriji tehnologiýalaryň utgaşdyrylmagy netijesinde, bu ulgamy ulanýan näsag gündelik durmuşynda hiç hili daşky enjama zerurlygy bolman, pikir arkaly edil häzirki wagt tertibinde aragatnaşyk edip bilýär.

“Biziň simsiz maglumat geçiriji usullarymyz, simsiz amaly usullarymyz we batareýalarymyzyň ählisi näsagyň döş derisiniň aşagynda ýerleşdirilip, enjam bilen baglanyşdyryldy. Bu ýol howpsuzlyga we ýylylyga gowy gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär. Näsag özüne päsgelçilik döretmeýän şekilde beýni-kompýuter interfeýsini göterer, bu bolsa onuň ýaşaýşynyň – durmuşynyň hilini ýokarlandyrar,” diýip, Tao Hu aýtdy.

Ylmy – barlag topary ylmy işleriň çäklerini giňeltmegi we ilkinji nobatda sözleýiş ukybyny ýitiren näsaglar üçin beýni-kompýuter interfeýsi esasynda hödürlenýän çözgütleri ileri tutmagy meýilleşdirýär. Bu tutum bolsa olaryň ýitiren gepleşik ukyplaryny täzeden dikeltmegi maksat edinýär.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

23:30 Iýun 25, 2026
Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

23:20 Iýun 25, 2026
Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

23:10 Iýun 25, 2026