HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ar­ka­dag şä­he­ri­nde Tä­ze ­ýy­l ­baý­ra­my­ uly­ şat­lyk-şow­hun ­bi­len ­gar­şy­la­nyl­ýar

Dekabr 29, 2025 | 19:50 |8808
Çeşme: orient.tm

Ýe­ne­ san­ly­ja­ gün­den­ Hal­ka­ra­ pa­ra­hatçy­lyk ­we ­yna­nyş­mak ýyly­ ta­mam­la­nyp,­­ «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» şygary berlen tä­ze 2026-­njy­ ýy­la­ ga­dam ­ba­sy­lar.­ Şol se­bäp­li­ her­ ýyl bel­le­nil­ýän­ Tä­ze ­ýy­l ­baý­ra­my­nyň da­ba­ra­la­ry uly­ şat­lyk-şow­hun ­bi­len ­gar­şy­la­nyl­ýar.­

Hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahry­man­ Ar­ka­da­gy­my­zyň­ beren tab­şy­ryk­la­ryn­dan­ ugur alnyp, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, ­Ar­ka­dag­ şä­he­rin­de­ hem Tä­ze ­ýyl­ baý­ram­çy­ly­gyny­ my­na­syp ­gar­şy­la­mak­ üçin uly ­taý­ýar­lyk­ işleri görüldi.­

Ar­ka­dag şä­he­ri­niň ­baş­ ar­ça­sy­nyň ­yşyk­la­ry­nyň­ ýa­kyl­ma­gy ­şä­here has hem­ gözellik nuruny çaýdy.­ Şä­he­riň­ bi­na­la­ry,­ ýol­la­ry, ­se­ýilgäh­le­ri­ dür­li­ öwüş­gin­li­ yşyk­lar bi­len­ be­zel­di.­ Adam­lar­ bir­-bi­re­ge ýag­şy ­ar­zuw­la­ry­ny aýtmak bilen,­ gel­jek­ ýy­lyň­ düşümli ­bol­ma­gy­ny arzuw­ edýärler.­

­Aýaz­ba­ba­dyr­ Gar­pamy­gyň ­gat­naş­ma­gyn­da ­yşyk­la­ry­ ýa­ky­landan bä­ri ­şä­her­dä­ki ­baş­ arça­nyň­ töweregi hemi­şe­ şadyýan çagalardan doly.­ Bu­ ýer­de­ di­ňe ­ça­ga­lar däl, eýsem, ata-­ene­ler,­ şä­he­re ge­ze­lenç ­ed­ýän ­myh­man­lar­ hem­ bar.­

Kör­pe­je­le­ri­niň ­elin­den­ tu­tup,­ şä­he­re­ ge­ze­lenç ­edip­ ýö­ren­ il­deş­le­ri­miz şeýle owadan ­pur­sat­la­ry su­rat­la­rda­ ebedileşdirýärler.­

Tä­ze ­ýy­l ­baý­ra­my mynasybetli Ar­ka­dag­ şä­he­ri­nde da­ba­ra­ly­ çä­re­ler,­ gy­zyk­ly­ çy­kyşlar ge­çi­ril­ýär. ­Şow­hun­ly ­kon­sertler ­taý­ýar­lan­ýar.­ Ar­ka­dag­ şä­he­ri­niň­ Gö­rog­ly ­adyn­da­ky­ döw­let­ at­çy­lyk sir­kin­de,­ Aman­ Gulmämmedow ­adyn­da­ky­ döw­let dra­ma ­te­at­ryn­da,­ Döw­let­mäm­met ­Aza­dy­ adyn­da­ky ki­tap­ha­na­da,­ Ta­ry­hy­ we­ ül­kä­ni­ öw­re­niş­ mu­zeýin­de,­ Sa­hy­ Jep­ba­row­ adyn­da­ky­ Ar­ka­dag­ şä­her­ ýö­ri­te sun­gat­ we ­Şü­kür ­bag­şy ­adyn­da­ky­ ça­ga­lar ­sun­gat mek­dep­le­rin­de­ ýö­ri­te­ da­ba­ra­lar ­gu­ral­ýar.­

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» şygary astynda geçjek tä­ze­ 2026-­njy­ ýy­l bü­tin ­hal­ky­my­zyň ­arzuw­la­ry­nyň ­ha­syl ­bol­ýan,­ bedew batly ösüş­le­riň ­ýyly­ bol­sun!

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Londonda IFE we IFE Manufacturing 2027 halkara azyk senagaty sergileri geçiriler

Londonda IFE we IFE Manufacturing 2027 halkara azyk senagaty sergileri geçiriler

19:59 Iýul 28, 2026
Ilon Mask «X» sosial ulgamyň ulanyjylary üçin «X Money» töleg hyzmatyny işe girizdi

Ilon Mask «X» sosial ulgamyň ulanyjylary üçin «X Money» töleg hyzmatyny işe girizdi

19:56 Iýul 28, 2026
ABŞ-da komiks žurnaly 15 million dollara satyldy

ABŞ-da komiks žurnaly 15 million dollara satyldy

16:30 Iýul 28, 2026