HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Howa rekordy: Arktika soňky 125 ýylyň dowamynda iň yssy ýyly başdan geçirdi

Dekabr 24, 2025 | 15:55 |9654
Arktika düýpli howa üýtgeşmeleri bilen ýüzbe-ýüz boldy. 2024-nji ýylyň oktýabryndan 2025-nji ýylyň sentýabryna çenli bolan döwür, 125 ýyldan gowrak wagt bäri alnyp barylýan gözegçilikleriň taryhynda iň yssy döwür hökmünde resmi taýdan ykrar edildiArktika düýpli howa üýtgeşmeleri bilen ýüzbe-ýüz boldy. 2024-nji ýylyň oktýabryndan 2025-nji ýylyň sentýabryna çenli bolan döwür, 125 ýyldan gowrak wagt bäri alnyp barylýan gözegçilikleriň taryhynda iň yssy döwür hökmünde resmi taýdan ykrar edildi
Çeşme: yuz.uz

Arktika düýpli howa üýtgeşmeleri bilen ýüzbe-ýüz boldy. 2024-nji ýylyň oktýabryndan 2025-nji ýylyň sentýabryna çenli bolan döwür, 125 ýyldan gowrak wagt bäri alnyp barylýan gözegçilikleriň taryhynda iň yssy döwür hökmünde resmi taýdan ykrar edildi.

ABŞ-nyň Okeanlar we atmosfera boýunça milli müdirliginiň (NOAA) alymlarynyň hasabatyna görä, planetanyň demirgazyk sebiti Ýeriň beýleki ýerlerine garanyňda has çalt gyzýar. Alymlar muny parnik gazlarynyň ýygnanmagy netijesinde ýylylyk deňagramlylygynyň bozulmagy bilen baglanyşdyrýarlar.

2025-nji ýylda bolup geçen üýtgeşmeler, ilkinji nobatda, buz örtügine täsir etdi. Alymlar deňiz buzlarynyň meýdanynyň soňky 47 ýyllyk hemra gözegçilikleriniň dowamynda iň pes görkezijileriň birine çenli azalandygyny belläp geçdiler.

Sebitiň “binýady” hasaplanylýan iň köne we iň galyň buz hem uly transformasiýa sezewar boldy. Onuň göwrümi 1980-nji ýyllardan bäri 95 göterimden gowrak azaldy. Şol bir wagtyň özünde Arktikada ygalyň häsiýeti hem üýtgedi: adaty garyň deregine indi köplenç ýagyş ýagýandygy hasaba alynýar.

Netijede, iýun aýynda garyň örtýän meýdany 60 ýyl ozalky maglumatlar bilen deňeşdirilende iki esse azaldy. Bu ýagdaý ýer ýüzüniň Gün şöhlesini şöhlelendirmek we sebitiň temperaturasyny kadalaşdyrmak ukybyna täsir edýär.

Arktika bütin planetanyň howasyna täsir edýän möhüm sebit bolmagynda galýar. Alymlar häzirki wagtda bolup geçýän prosesleriň dünýä ummanynyň derejesi hem-de umumy howa şertleri bilen berk baglanyşyklydygyny göz öňünde tutup, sebite gözegçiligi dowam etdirýärler. 2025-nji ýylyň jemleri howanyň üýtgemegi boýunça köpýyllyk statistikanyň möhüm bölegine öwrüldi.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Suwda ýerleşýän Olimpiýa şäherçesi: «Costa Serena» 2026-njy ýylyň Aziýa oýunlaryny kabul edýär

Suwda ýerleşýän Olimpiýa şäherçesi: «Costa Serena» 2026-njy ýylyň Aziýa oýunlaryny kabul edýär

09:00 Sentýabr 17, 2026
Söwda paçlarynyň netijesinde ABŞ-a garaşlylygy azaltmak üçin kanadaly öndürijiler täze bazarlary we pudaklary gözleýärler

Söwda paçlarynyň netijesinde ABŞ-a garaşlylygy azaltmak üçin kanadaly öndürijiler täze bazarlary we pudaklary gözleýärler

23:00 Sentýabr 16, 2026
IAEA 2060-njy ýyla çenli atom energetikasynyň üç esse artmagyny çaklaýar

IAEA 2060-njy ýyla çenli atom energetikasynyň üç esse artmagyny çaklaýar

21:00 Sentýabr 16, 2026