HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Imperatory bilen duşuşdy

Dekabr 19, 2025 | 22:32 |11477
Prezident Serdar Berdimuhamedow Tokio şäherine iş saparynyň dowamynda Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito bilen duşuşdy. Bu olaryň şu ýylyň dowamyndaky ikinji duşuşykdyr. Munuň özi bolsa türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň aýratyn depginini we ynanyşmak häsiýetini nygtaýarPrezident Serdar Berdimuhamedow Tokio şäherine iş saparynyň dowamynda Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito bilen duşuşdy. Bu olaryň şu ýylyň dowamyndaky ikinji duşuşykdyr. Munuň özi bolsa türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň aýratyn depginini we ynanyşmak häsiýetini nygtaýar
Çeşme: kunaicho_jp

TOKIO, 19-njy dekabr | ORIENT. Prezident Serdar Berdimuhamedow Tokio şäherine iş saparynyň dowamynda Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito bilen duşuşdy. Bu olaryň şu ýylyň dowamyndaky ikinji duşuşykdyr. Munuň özi bolsa türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň aýratyn depginini we ynanyşmak häsiýetini nygtaýar.

Imperator Naruhito Türkmenistanyň Baştutanyny mähirli mübärekläp, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli salamyny beýan etdi. Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar 2025-nji ýylda möhüm wakalary: Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy we Aşgabatda üstünlikli geçirilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumy barada belläp geçdiler.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Imperator Naruhitony Osakada geçirilen Bütindünýä sergisiniň üstünlikli tamamlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlady. Türkmenistanyň bu sergä gatnaşmagy ýurduň medeniýetini we häzirki döwürde ýeten sepgitlerini dünýä jemgyýetçiligine tanyşdyrmak üçin üçin ajaýyp meýdança boldy.

Döwlet Baştutany ägirt uly tebigy baýlyklara eýe bolan Türkmenistan, olary tygşytly we netijeli özleşdirmekde ýapon tehnologik çözgütlerine hem-de tejribesine esaslanylýandygyny nygtady.

Suw serişdelerini dolandyrmak, ekologik tehnologiýalar ulgamlarynda ýapon tejribesine aýratyn üns berildi, bu bolsa sebitiň durnukly ösüşi üçin ileri tutulýan ugurdyr.

Bu duşuşyk Aşgabadyň we Tokionyň däp-dessurlara bolan çuňňur hormaty hem-de innowasion gelejege bolan ymtylyşy özünde jemleýän uzak möhletleýin strategik hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklady.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
«Medeniýet we Syýahat» žurnaly Gadymy Merwe syýahat guraýar

«Medeniýet we Syýahat» žurnaly Gadymy Merwe syýahat guraýar

22:17 Awgust 15, 2026
Aşgabatda mekdep üçin zerur zatlaryň hemmesini nireden satyn almaly: «Atlas» kanselýariýa harytlaryna onlaýn sargyt hyzmatyny işe girizdi

Aşgabatda mekdep üçin zerur zatlaryň hemmesini nireden satyn almaly: «Atlas» kanselýariýa harytlaryna onlaýn sargyt hyzmatyny işe girizdi

22:10 Awgust 15, 2026
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp anna güni Ormuz bogazyny tiz wagtdan ABŞ-nyň çägi diýip yglan etjekdigini aýtdy

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp anna güni Ormuz bogazyny tiz wagtdan ABŞ-nyň çägi diýip yglan etjekdigini aýtdy

21:00 Awgust 15, 2026