Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

ÝUNESKO meşhur özbek aýdymçysy Tawakkal Kadyrowyň 100 ýyllygyny bellär

Dekabr 18, 2025 | 17:30 |6909
ÝUNESKO Özbegistanyň halk artisti, meşhur aýdymçy Tawakkal Kadyrowyň doglan gününiň 100 ýyllygyny 2026–2027-nji ýyllar üçin halkara baýramçylyk seneleriniň sanawyna resmi taýdan goşdyÝUNESKO Özbegistanyň halk artisti, meşhur aýdymçy Tawakkal Kadyrowyň doglan gününiň 100 ýyllygyny 2026–2027-nji ýyllar üçin halkara baýramçylyk seneleriniň sanawyna resmi taýdan goşdy
Çeşme: yuz.uz

ÝUNESKO Özbegistanyň halk artisti, meşhur aýdymçy Tawakkal Kadyrowyň doglan gününiň 100 ýyllygyny 2026–2027-nji ýyllar üçin halkara baýramçylyk seneleriniň sanawyna resmi taýdan goşdy. Bu çözgüt ussat ýerine ýetirijiniň saz sungatynyň ösüşine goşan uly goşandynyň hem-de guramanyň gymmatlyklaryny öňe sürmekdäki ornunyň dünýä derejesinde ykrar edilýändigini tassyklaýar.

Özbegistan tarapyndan öňe sürlen başlangyç halkara jemgyýetçiligiň giň goldawyna eýe boldy. Teklibiň bilelikdäki awtorlary hökmünde Türkiýe, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan we Türkmenistan çykyş etdiler.

Tawakkal Kadyrow özbek saz sungatynyň we aýdym aýtmak ussatlygynyň görnükli wekilleriniň biridir. Onuň döredijiligi milli mirasyň aýrylmaz bölegine öwrüldi, onuň ýubileýiniň ÝUNESKO-nyň senenamasyna goşulmagy bolsa Özbegistanyň özboluşly medeniýetini dünýä giňişliginde giňden wagyz etmäge mümkinçilik döreder.

Bu abraýly halkara sanawa goşulmagy 2026–2027-nji ýyllarda birnäçe iri çäreleri geçirmäge şert döreder:

• Halkara ylmy maslahatlar we döredijilik agşamlary;

• Özbegistanda hem-de daşary ýurtlarda aýdymçynyň mirasyna bagyşlanan konsertler;

• Özbek nusgawy aýdym-saz baýlygyny açyp görkezýän ýatlama materiallaryň we neşirleriň çykarylmagy.

Bu ähmiýetli waka Özbegistanyň öz däp-dessurlaryny aýawly gorap saklaýandygyny we olara dünýä derejesinde ýokary baha berilýändigini ýene bir gezek açyp görkezýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda kino we saz dünyäsine bagyşlanan bäsleşik geçirildi

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda kino we saz dünyäsine bagyşlanan bäsleşik geçirildi

15:24 Oktýabr 23, 2026
Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

19:00 Oktýabr 22, 2026
Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

17:00 Oktýabr 22, 2026