HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

GoTürkiye «Hidden Lover» atly üçünji mini-serialyny çykardy

Dekabr 18, 2025 | 17:00 |7678
Türkiýäniň resmi syýahatçylyk platformasy bolan GoTürkiye «Hidden Lover» («Gizlin söýgüli») atly üçünji mini-serialyny hödürlediTürkiýäniň resmi syýahatçylyk platformasy bolan GoTürkiye «Hidden Lover» («Gizlin söýgüli») atly üçünji mini-serialyny hödürledi
Çeşme: orient.tm

Türkiýäniň resmi syýahatçylyk platformasy bolan GoTürkiye «Hidden Lover» («Gizlin söýgüli») atly üçünji mini-serialyny hödürledi. 10 bölümden ybarat bolan söýgi komediýasy meşhur kurortyň syrly we heniz doly öwrenilmedik taraplaryny dünýä tanatmagy maksat edinýär.

Hidden Lover

Taslamanyň baş keşplerini türk kinosynyň ýyldyzlary Eda Eje we Janer Jindoruk ýerine ýetirdi. Wakalaryň ösüşi tötänleýin ýalňyşlyk bilen başlanýar: arhitektor Güneş telekeçi Denizi sürüji diýip kabul edýär. Olar bilelikde Ortaýer deňziniň gizlin aýlaglaryna, gadymy şäherlerine we gastronomik ugurlaryna syýahat edýärler, bu bolsa garaşylmadyk söýgi gatnaşygyna getirýär.

Hidden Lover

Taslama Antalýanyň ýylyň dowamynda syýahatçylyk üçin amatly merkez hökmünde öňe sürülmegine gönükdirilendir. Serial diňe bir kenarýaka dynç alyşlaryny däl, eýsem tebigy kanýonlary we gadymy siwilizasiýalaryň yzlaryny hem açyp görkezýär. «Hidden Lover» GoTürkiye platformasynyň «Antalya Gambit» we «İstanbul My Love» ýaly öňki üstünlikli kinotaslamalarynyň dowamydyr, olar dünýä boýunça millionlarça tomaşaçyny özüne çekdi.

Hidden Lover

GoTürkiye-niň sanly üstünlikleri bu strategiýanyň netijeliligini tassyklaýar: 2025-nji ýylyň birinji ýarymynda platformanyň YouTube ýaýlymy 5,3 million abunaçynyň we 763 million tomaşanyň derejesine ýetdi. Bu görkezijiler platformany syýahatçylyk media serişdeleriniň arasynda dünýä liderleriniň hataryna çykardy.

Hidden Lover

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda kino we saz dünyäsine bagyşlanan bäsleşik geçirildi

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda kino we saz dünyäsine bagyşlanan bäsleşik geçirildi

15:24 Oktýabr 23, 2026
Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

19:00 Oktýabr 22, 2026
Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

17:00 Oktýabr 22, 2026