HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

ChatGPT-iň döredijisi World taslamasyny işe girizdi: şahsyýeti tassyklaýan howpsuz messenjer

Dekabr 17, 2025 | 15:30 |6919
OpenAI-iň ýolbaşçysy Sem Altman tarapyndan esaslandyrylan World taslamasy (öňki ady — Worldcoin) täzelenen programmany hödürlediOpenAI-iň ýolbaşçysy Sem Altman tarapyndan esaslandyrylan World taslamasy (öňki ady — Worldcoin) täzelenen programmany hödürledi
Çeşme: World

OpenAI-iň ýolbaşçysy Sem Altman tarapyndan esaslandyrylan World taslamasy (öňki ady — Worldcoin) täzelenen programmany hödürledi. Bu programma messenjer bilen maliýe hyzmatlarynyň gibrididir we onuň esasy maksady şahsyýeti tassyklamak arkaly ulanyjylary botlardan we dipfeýklerden goramakdan ybaratdyr.

Ulgamyň esasy World ID — sanly pasport bolup durýar. Ol gözüň reňkli gatlagynyň (iris) ýörite Orb enjamy arkaly skanirlenilmegindem soň berilýär. Häzirki wagtda bu düzgün has aňsatlaşdyryldy: Orb Mini atly ykjam enjamlar peýda boldy, olary hatda öý şertlerinde hem ulanmak mümkin.

Programmanyň esasy aýratynlyklary:

• World Chat — Signal messenjerine meňzeş açyk şifrlenmesi bolan habarlaşma hyzmaty. Dialogyň içinde ulgamyň ýörite bellikleri görkezilýär: söhbetdeşiň gözüň skaneri arkaly tassyklanan hasapmy ýa-da adaty akkauntmydygy anyk görünýär.

• “Adamdygyny kepillendirmek” — ulanyjy hakyky we üýtgeşik adam bilen gürleşýändigini ýa-da botlaryň toplumydygyny dessine anyklap bilýär.

• Maliýe blogy — programma kriptokapjyk we pul geçirim hyzmaty hökmünde işleýär. Ulanyjylar pul sorap biler, zähmet haky alyp biler we serişdeleri kriptowalýuta öwrüp biler.

«Sosial» hyzmaty döretmek baradaky isleg gönüden-göni ulanyjylaryň özlerinden gelip çykdy. Işläp düzüjiler World taslamasyny diňe kripto-gurallardan ybarat bolan dar çäkli platformadan gündelik ulanylýan programma — WhatsApp ýa-da Telegram, emma has ýokary howpsuzlyk derejesi bilen çykarmagy maksat edinýärler.

Esasy tölegler üçin biometrik barlag hökmany däl, ýöne gözüň skaneri arkaly şahsyýeti tassyklamak internetde AI-dipfeýklere garşy esasy gorag hökmünde galýar. Häzirki wagtda hyzmatdan 20 milliondan az adam peýdalanýar, emma döredijileriň uly maksady — dünýä boýunça 1 milliard ulanyjyny özüne çekmekdir.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Özbegistanda yslam siwilizasiýasynyň mirasyna bagyşlanan halkara media-forumy geçiriler

Özbegistanda yslam siwilizasiýasynyň mirasyna bagyşlanan halkara media-forumy geçiriler

11:40 Awgust 25, 2026
Şahrisabz Bütindünýä senetçilik şäherleriniň hataryna goşuldy: «Iroki» keşdesiniň halkara ykrar edilmesi

Şahrisabz Bütindünýä senetçilik şäherleriniň hataryna goşuldy: «Iroki» keşdesiniň halkara ykrar edilmesi

11:29 Awgust 25, 2026
Pakistanyň Maglumat tehnologiýalary ministrligi Türkmenistan bilen bilelikdäki taslamalaryň mümkinçiliklerini öwrenýär

Pakistanyň Maglumat tehnologiýalary ministrligi Türkmenistan bilen bilelikdäki taslamalaryň mümkinçiliklerini öwrenýär

08:07 Awgust 25, 2026