HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen gök-bakja önümleri Gazagystana “ýaşyl geçelgeler” arkaly daşalýar

Dekabr 16, 2025 | 22:15 |5828
Gazagystan Respublikasynyň Hökümetiniň ýakynda geçirilen mejlisinde türkmen gök-bakja önümleriniň üpjünçiligini üznüksiz üpjün etmek üçin serhetde “ýaşyl geçelgeleri” gysga wagt açmak barada görkezmeler berildiGazagystan Respublikasynyň Hökümetiniň ýakynda geçirilen mejlisinde türkmen gök-bakja önümleriniň üpjünçiligini üznüksiz üpjün etmek üçin serhetde “ýaşyl geçelgeleri” gysga wagt açmak barada görkezmeler berildi
Çeşme: orient.tm

Gazagystan Respublikasynyň Hökümetiniň ýakynda geçirilen mejlisinde türkmen gök-bakja önümleriniň üpjünçiligini üznüksiz üpjün etmek üçin serhetde “ýaşyl geçelgeleri” gysga wagt açmak barada görkezmeler berildi.Bu çäre gyş möwsüminde bahalary durnuklaşdyrmaga gönükdirilendir. Premýer-ministriň orunbasary we Milli ykdysadyýet ministri Serik Jumangarin serhet geçelgelerinde türkmen önümleri üçin gysg wagtda ýaşyl geçelgeleri döretmegi tabşyrdy. Bu barada Gazagystanyň Hökümetiniň web sahypasynda habar berilýär.

Ýönekeýleşdirilen gümrük we serhet düzgüni türkmen topragyndaky ýyladyşhanalarynda ösdürilip ýetişdirilen miwe we gök-bakja önümleriň Gazagystanyň dükan tekjelerine mümkin boldugyça çalt, elýeterli bahadan durmagyna mümkinçilik berer we serhetde uzak wagtlap saklanmagyň öňüni alar.

Bu karar iki ýurduň arasyndaky gepleşikler prosesiniň logiki dowamy boldy. Häzirki kararyň esasy 2025-nji ýylyň noýabr aýynyň ahyrynda goýuldy. Türkmenistanyň wekiliýetiniň Astana sapary mahalynda wise-premýerler Hojamyrat Geldimyradow we Serik Jumangarin Türkmenistanyň obasenagat toplumynyň mümkinçiliklerini jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar.

Ozal tema boýunça: “Türkmenistan bilen Gazagystan oba hojalyk önümleri üçin “ýaşyl geçelge” barada pikir alyşýarlar” atly habarymyzda taraplaryň söwda dolanyşygyny $1 milliarda çenli artdyrmak meýilnamalary barada habar berdipdik. Şonda-da, türkmen pomidorlarynyň ýylyň diňe 9 aýynda 30 müň tonnadan gowrak iberilip, Gazagystana eksport edilýän ikinji iň möhüm haryda öwrülendigi bellenildi.

Bu Türkmenistanyň önüm öndürijileri üçin nämäni aňladýar?

“Ýaşyl geçelgeleriň” açylmagy Türkmenistanyň sebitde esasy oba hojalyk pudagyndaky hyzmatdaşy hökmündäki derejesini tassyklaýar. Ýerli oba hojalyk önüm öndürijileri üçin bu aşakdakylary aňladýar:

• Goňşy ýurtda söwda bazarynyň kepillendirilmegi;

• Logistika çykdajylarynyň we önümiň zaýalanmak howpunyň azaldylmagy;

• Ýyladyşhananyň giňeldilmegi üçin höweslendirme.

Şeýlelik bilen, döwlet Baştutanlarynyň özara söwdany artdyrmak üçin goýan maksady, Turkmenistandaky önüm öndürijilere we Gazagystanyň sarp edijilerine peýda getirýän anyk durmuşa geçiriş mehanizmlerini döretmekden getirmekden ybaratdyr.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda kino we saz dünyäsine bagyşlanan bäsleşik geçirildi

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda kino we saz dünyäsine bagyşlanan bäsleşik geçirildi

15:24 Oktýabr 23, 2026
Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

19:00 Oktýabr 22, 2026
Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

17:00 Oktýabr 22, 2026