HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Bitkoin 2026-njy ýylda $140 000 derejä ýetip biler

Dekabr 16, 2025 | 18:00 |4943
Bitget Research-iň öňdebaryjy derňewçisi Raýan Li 2026-njy ýylda bitkoiniň iň ýokary bahasynyň $140 000 boljakdygyny çaklaýarBitget Research-iň öňdebaryjy derňewçisi Raýan Li 2026-njy ýylda bitkoiniň iň ýokary bahasynyň $140 000 boljakdygyny çaklaýar
Çeşme: changelly.com

Bitget Research-iň öňdebaryjy derňewçisi Raýan Li 2026-njy ýylda bitkoiniň iň ýokary bahasynyň $140 000 boljakdygyny çaklaýar. Bu oňyn çaklama dünýä ykdysady ýagdaýyna hem-de kriptowalýuta bazaryna täze maýanyň gelşine gönüden-göni baglydyr.

Maýadarlaryň esasy ünsi ABŞ-nyň pul-karz syýasatyna gönükdirilendir. Li-niň pikirine görä, eger kadalaşdyryjy edaralar ýakyn alty aýyň dowamynda syýasaty ýumşatmak barada duýduryş berse, bu töwekgelçilikli aktiwlere maýanyň gaýdyp gelmegine itergi berer.

Bu ýagdaýda ösüş tapgyrlaýyn bolar:

• Ilki bilen bahanyň $110 000 derejesine çenli ortaça ýokarlanmagyna garaşylýar.

• 2026-njy ýylyň ikinji çärýeginde bu hümmet $120 000 — $125 000 aralygyndaky derejeleri synagdan geçirer.

• Oňyn ýagdaý saklanyp galsa, ýylyň ikinji ýarymynda bitkoin $140 000 derejesine ýetip biler.

Li likwidligiň aýgytly faktor bolup durýandygyny aýratyn nygtady. Eger bazara täze maýa gelmese, bitkoin $120 000 derejeden geçip bilmez. CoinDesk-iň maglumatlaryna görä, 12-nji dekabr ýagdaýyna görä bitkoiniň bahasy takmynan $92,4 müň bolupdy.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ormuz bogazy gaýtadan açyldy: Eýran geçiş töleglerini ýatyrdy, ABŞ bolsa gabawy aýyrdy

Ormuz bogazy gaýtadan açyldy: Eýran geçiş töleglerini ýatyrdy, ABŞ bolsa gabawy aýyrdy

19:30 Iýun 19, 2026
Özbegistan 2025-nji ýylda 43,1 milliard ABŞ dollary möçberinde maýa goýumy çekdi: Hytaý 15,5 milliard dollar bilen öňdebaryjy, Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky her ýyl 1 milliard ýewro maýa goýýar, 100 ýurtdan müňlerçe wekiller gatnaşdy

17:00 Iýun 19, 2026
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026