Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz senagaty we geologiýa işgärlerini gutlady


Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow nebitgaz senagaty we geologiýa ulgamynyň işgärlerini hünär baýramy bilen gutlady. Döwlet Baştutany pudakda gazanylan üstünlikleriň uglewodorod serişdeleriniň gorlary boýunça dünýäde öňdebaryjy döwletleriň hataryndaky Türkmenistanyň ornuny berkitmäge ýardam edýändigini nygtady.
Baýramçylygyň senesi – 14-nji dekabr – çuňňur simwoliki häsiýete eýedir: 2009-njy ýylyň şu güni Türkmenistan — Hytaý halkara gaz geçirijisi işe girizildi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow gutlagynda pudagyň uly maksatlarynyň uglewodorod serişdeleriniň, ilkinji nobatda, halkyň eşretli durmuşyna, geljek nesilleriň hem-de goňşy döwletleriň halklarynyň abadançylygy üçin ulanmaga gönükdirilendigini belledi.
Esasy üstünlikleriň we durmuşa geçirilýän taslamalaryň hatarynda Türkmenistan — Hytaý we Gündogar — Günbatar gaz geçirijileri, şeýle hem TOPH (Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan) halkara gaz geçirijisi görkezildi.
TOPH taslamasynyň durmuşa geçirilmegi aýratyn bellenildi. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bu taslamanyň möhüm böleginiň — Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşygyna ak pata berildi. Prezident Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, bu Türkmenistanyň uzak möhletleýin ösüşine kuwwatly itergi bermäge hemde sebitde durnukly ösüşi üpjün etmäge ygrarlydygynyň nobatdaky mysalyna öwrüldi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow ýangyç serişdeleriniň gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän “Galkynyş” gaz käniniň ägirt uly ykdysady ähmiýetini nygtady. Bu käniň tapgyrlaýyn özleşdirilmegi türkmen tebigy gazyny halkara bazarlara ibermegiň gerimini giňeltmekde täze mümkinçilikleri açýar.
Döwlet Baştutany türkmen energiýa serişdelerine isleg bildirýän ýurtlaryň sanynyň has-da artýandygyny belledi. Bu artýan gyzyklanma, şeýle hem, Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän ygtyýarlandyrylan deňiz toplumlaryny netijeli özleşdirmek babatda amatly maýa goýum gurşawy bilen baglanyşyklydyr.
Milli maksatnamalara laýyklykda, häzirki wagtda önümçilik derejesini ýokarlandyrmak, geljegi uly ýataklary özleşdirmek we iri senagat toplumlaryny döretmek boýunça giň gerimli çäreler durmuşa geçirilýär.
Şunuň bilen baglylykda, Prezident Serdar Berdimuhamedow pudagyň esasy maksatlaryny belledi:
“Nebitgaz ýataklary özleşdirilende, uglewodorod serişdeleri çykarylanda, gaýtadan işlenilende hem-de sarp edijilere iberilende daşky gurşawy aýawly saklamagyň talaplaryny berjaý etmek, şol işleri ýokary ekologik kadalara laýyklykda amala aşyrmak, şeýle-de olaryň howanyň üýtgemegine täsirini peseltmek öňde durýan möhüm wezipelerdir”.
Türkmenistanyň Prezidenti pudagyň eksport mümkinçiliklerini diwersifikasiýalaşdyrmagyň we köpugurly turbageçiriji ulgamyny döretmegiň energetika howpsuzlygyny we sebitdäki ýurtlaryň abadançylygyny saklamaga gönükdirilen energetika strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlary bolmagynda galýandygyny nygtady.








