HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Hytaý-türkmen halk dialogy: Bitaraplyk taglymlarynyň we Bitewi ykbal bileleşiginiň sazlaşygy

Dekabr 13, 2025 | 23:47 |6036
13-nji dekabrda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Hytaý-Türkmen halk dialogy: Hytaý bilen Türkmenistan Bitewi ykbal bileleşigini gurmaga ýardam bermek atly maslahat geçirildi13-nji dekabrda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Hytaý-Türkmen halk dialogy: Hytaý bilen Türkmenistan Bitewi ykbal bileleşigini gurmaga ýardam bermek atly maslahat geçirildi
Çeşme: orient.tm

13-nji dekabrda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Hytaý-Türkmen halk dialogy: Hytaý bilen Türkmenistan Bitewi ykbal bileleşigini gurmaga ýardam bermek atly maslahat geçirildi. Çäräniň Halkara Bitaraplyk gününden we Parahatçylyk we ynanyşmak forumynyň yz ýanyndan geçirilmegi onuň çuňňur simwoliki häsiýetini we Aşgabadyň parahatçylyk dörediji we strategik hyzmatdaşlygyň merkezi hökmündäki ornuny nygtady.

HHR-niň Başlygy Si Szinpiniň ýörite wekili we Ählihytaý halk wekilleri geňeşiniň Hemişelik komitetiniň başlygynyň orunbasary Pen Szinhuanyň gatnaşmagy bu dialoga aýratyn syýasy agramy berdi. Çäräniň moderatory bolup HHR-niň Ilçisi Szi Şumin çykyş etdi.

turkmenistan-china-dialog-neytralitet (1).jpg

Hytaýyň ýokary wekili jenap Pen Szinhua Parahatçylyk we ynanyşmak forumynda, soňra bolsa Halk dialogyna gatnaşmagynyň iki ýurduň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň iň ýokary derejesiniň gönüden-göni subutnamasydygyny nygtady.

Pen Szinhuanyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Bitaraplyk konsepsiýasy Hytaýyň Adamzat üçin Bitewi ykbal bileleşigini gurmak baradaky garaýşy bilen utgaşýar. Diňe adamlaryň arasyndaky ynamy berkitmek, ynsanperwer we ykdysady gatnaşyklary çuňlaşdyrmak arkaly biz Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda uzak möhletleýin gülläp ösüşi we durnuklylygy üpjün edip bileris diýip, HHR-niň Başlygynyň ýörite wekili belledi.

turkmenistan-china-dialog-neytralitet (12).jpg

Beýik Ýüpek ýolunyň mirasyna esaslanýan Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky köpasyrlyk gatnaşyklary strategik, hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň täze döwrüne gadam basdy. Biziň dialogymyz – bu diňe bir ykdysady geleşikleriň toplumy däl, bu ilkinji nobatda nobatda, iň ýokary derejede resmi taýdan tassyknama eýe bolan Pikirdeş adamlaryň bileleşigidir.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň baýram edilýän günlerinde HHR-niň Başlygy Si Szinpin Parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnaşyjylara gutlag hatyny iberdi. Si Szinpin ol hatynda Aşgabadyň daşary syýasatyna ýokary baha berdi.

Türkmen tarapyna jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň ýolbaşçylary we öňdebaryjy bilermenler wekilçilik etdiler. Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy Ata Serdarow hyzmatdaşlygyň syýasy esaslary barada maksatnamalaýyn çykyş etdi.

turkmenistan-china-dialog-neytralitet (10).jpg

Ata Serdarow şu günki dialogyň Türkmenistanyň syýasy partiýalary bilen Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek üçin aýratyn ähmiýete eýedigini nygtady. Şeýle hem TDP-niň başlygy hytaý tarapynyň ýokary döwlet derejesinde Türkmenistanyň saýlan ösüş ýoluny we hemişelik Bitaraplyk syýasatyny berk goldaýandygyny tassyklaýandygyny belledi.

“Döwletara, hökümetara we partiýaara gatnaşyklaryň ýokary derejesi strategik hyzmatdaşlygyň dowamlylygyny tassyklaýar, ol ýylsaýyn berkeýär we täze ugurlary öz içine alýar” – diýip, Ata Serdarow belledi.

Demokratik partiýanyň ýolbaşçysy ýakynda ŞHG-nyň sammitinde ýurtlaryň Liderleriniň arasynda geçirilen gepleşiklere ünsi çekdi, bu gepleşiklerde ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň täze mümkinçilikleri kesgitlendi.

turkmenistan-china-dialog-neytralitet (7).jpg

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Strategik barlaglar boýunça ylmy merkeziniň bilermeni Bekdurdy Amansaryýewiň hasabatynda amaly hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary beýan edildi. Bilermen Türkmenistan bilen HHR-niň arasyndaky gatnaşyklaryň berk ykdysady özeniň daşynda gurlan ynamyň we raýdaşlygyň nusgalyk mysalydygyny nygtady.

Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň hakykatdanam asyryň taslamasy hasaplanýandygy, energetika howpsuzlygyny üpjün edýändigi we uzak möhletleýin ösüş üçin kuwwatly binýady döredýändigi bellenildi.

Türkmenistan we HHR-niň ulag-logistika baglanşyklaryny we Hazarüsti geçelgesiniň mümkinçiliklerini gowulandyrmak üçin bilelikde işleýärler. Munuň özi bolsa Hytaýyň “Bir guşak, bir ýol” başlangyjyny durmuşa geçirmäge goşant goşýar.

turkmenistan-china-dialog-neytralitet (9).jpg

Netijeleri jemläp, bilermen Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky halk dialogynyň Bitewi ykbal bileleşiginiň ruhunda adalatly, deňagramly we durnukly dünýä tertibini döretmäge umumy goşantdygyny belledi.

Ykdysady gatnaşyklar bilen birlikde, strategik hyzmatdaşlygymyzyň çuňňur ynsanperwer binýady bar. Sungat, döredijilik we miras halklarymyzyň arasyndaky dostluk köprüleri bolup hyzmat edýär. Soňky ýyllarda özara Medeniýet günleri, festiwallar we sergiler barha işjeňleşýär. Hytaýly tomaşaçylar türkmen sungatynyň baýlygyna we özboluşlylygyna yzygiderli çuňňur haýran galýandygyny bildirýärler, şeýle hem hytaý medeniýeti we däp-dessurlary hem Türkmenistanda hakyky gyzyklanma döretdi.

Türkmenistanyň janly simwoly bolan ahalteke bedewleri gatnaşyklarymyzyň taryhynda aýratyn orun eýeleýär. Hytaýyň bu “behişdi bedewlere” bolan söýgüsi öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýtýar. Muňa biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň baý taryhy şaýatlyk edýär. Bu asylly jandara bolan umumy söýgi, şeýle hem ýakynda “Türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek däpleri”(ozal “Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri”) ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi biziň özboluşly medeni mirasymyzy gorap saklamaga bolan umumy ygrarlylygymyzy nygtaýar. Bular diňe milli üstünlikler däl; olar bizi birleşdirýän umumy adamzadň mirasynyň obýektleridir.

turkmenistan-china-dialog-neytralitet (11).jpg

Medeni miras bilen birlikde, biz geljege maýa goýýarys. Ýaşlaryň wekiliýetiniň alyş-çalyşy we Hytaýda okaýan türkmen talyplarynyň sanynyň köp bolmagy dostluk we özara düşünişmegiň has ygtybarly köprüsine öwrülýär.

Özara hormat goýmak we medeni taýdan düşünişmäge esaslanýan hut bu janly halk dialogy ynamyň ýetmezçiligini we geosyýasy düşünişmezlikleri ýeňip geçmegiň has täsirli mehanizmidir.

Lukmançylyk, maglumat tehnologiýalary we oba hojalygy ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi hünärmenlerimiziň arasynda göni gatnaşygy hem ýeňilleşdirýär we umumy innowasiýa gün tertibini emele getirýär.

Häzirki wagtda Aşgabatda “Lu Banyň ussahanasy” döretmek taslamasy amaly taýdan durmuşa geçiriliş tapgyryna gadam basýar. Bu bolsa, Türkmenistanda ýokary hünärli tehniki işgärleri taýýarlamakda täze bir sahypa açar, Hytaýyň innowasion bilim standartlaryny ornaşdyrmaga mümkinçilik berer, geljege we ýokary tehnologiýa gönükdirilen hyzmatdaşlygymyzyň ýene bir nyşanyna öwrüler.

IMG_20251213_111022.jpg

Duşuşygyň ahyrynda, gatnaşyjylar diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyndan bäri geçen 30 ýylyň dowamynda deňhukuklylyk, özara peýdaly hyzmatdaşlyga we hormat goýmaga esaslanýan berk hukuk binýadynyň döredilendigini tassykladylar.

“Biz aramyzdaky däp bolan dostluk gatnaşyklarynyň hemişe bolşy ýaly işjeň ösdüriljekdigine berk ynanýarys” – diýip, Ata Serdarow Hytaýyň ýolbaşçylaryna we halkyna uly üstünlikleri we rowaçlygy arzuw edip sözüni jemledi.

Döwletmyrat Mämmedow, Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallym

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistan iki obany Gyrgyzystana berdi we Gazagystana ýer çalşygy teklip etdi

Özbegistan iki obany Gyrgyzystana berdi we Gazagystana ýer çalşygy teklip etdi

22:05 Iýun 24, 2026
Türkmen dizaýneri Tanger Fashion Week 2026 moda hepdeliginde öz kolleksiýasyny hödürledi

Türkmen dizaýneri Tanger Fashion Week 2026 moda hepdeliginde öz kolleksiýasyny hödürledi

22:00 Iýun 24, 2026
Balkan welaýatyndaky Medeniýet hepdeliginiň ikinji güni

Balkan welaýatyndaky Medeniýet hepdeliginiň ikinji güni

21:13 Iýun 24, 2026