Emomali Rahmon: parahatçylyk we ynanyşmak halkara gatnaşyklaryny ösdürmekde iň möhüm orny eýeleýär


Aşgabat, 12-nji dekabr | ORIENT. Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon Aşgabatda geçirilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumynda çykyş edip, çylşyrymly geosyýasy bäsdeşlik ýagdaýy hem-de halkara hukuk kadalarynyň gowşandygy barada ýatlatmak bilen, häzirki zaman dünýäsinde ýüze çykýan kynçylyklaryň we meseleleriň barha artmagy bilen ykdysady hem-de durmuş taýdan ösuşe päsgel berýändigini aýtdy.
Täjigistan Respublikasynyň Baştutany "parahatçylygyň we ynanyşmagyň halkara gatnaşyklary ilerletmekde, dünýä giňişliginde hyzmatdaşlyk, durnukly ösüş üçin amatly şertleri döretmekde wajyp orun eýeleýändigini hem-de çylşyrymly meseleleri özara düşünişmek, umumy jogapkärçilik ýagdaýynda çözmek üçin şert döredýändigini" belledi.
Emomali Rahmonyň pikirine görä, bu gymmatlyklaryň üpjün edilmegi halkara jemgyýetçiligine häzirki döwrüň çylşyrymly meselelerini özara düşünişmek we umumy jogapkärçilik ýagdaýynda çözmäge mümkinçilik berýär. Şol bir wagtyň özünde howanyň üýtgemegi, buzluklaryň çalt eremegi, daşky gurşawyň hapalanmagy we beýleki meseleler ýaly ekologik howplaryň şeýle ýaramaz netijeleriniň hem halkara jemgyýetçiliginiň bilelikdäki tagallalaryny birleşdirmegi talap edýändigi nygtaldy.
Emomali Rahmon suw serişdeleri we terrorçylyga garşy göreş meseleleri boýunça Duşenbe proseslerini ýatladyp, Täjigistanyň ählumumy meseleleriň çözülmegine hemişe öz goşandyny goşýandygyny, dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen ähli başlangyçlary yzygiderli goldaýandygyny belledi.
Şu nukdaýnazardan Täjigistanyň geçen ýyl BMG-niň «Geljekki nesilleriň bähbidine parahatçylygy pugtalandyrmagyň onýyllygyny» yglan etmek baradaky teklibiniň gaýtadan ýatlanylandygy bellenildi.
Emomali Rahmon "parahatçylygyň dabaralanmagyny" "adalaty, deňhukuklylygy, adam hukuklaryna we azatlyklaryna hormat goýulmagyny üpjün etmegiň kepili" diýip atlandyrdy hem-de "dünýä jemgyýetçiliginiň ynanyşmaga, dialoga we hyzmatdaşlyga daýanmak bilen bu gymmatlygy aýawly gorap saklamalydygyny" nygtady.
Şeýle hem Täjigistanyň umumy kabul edilen diplomatik däpleri, giň gerimli konstruktiw dialogy we meseleleri çözmegiň beýleki parahatçylykly serişdelerini ulanyp, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça geljekde-de öz goşandyny goşmaga taýýardygy nygtaldy.








