HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Howadan suw: Hytaý dünýäniň suw ýetmezçiligine garşy göreşmek üçin gün energiýasy bilen işleýän bekedi tanyşdyrdy

Dekabr 11, 2025 | 15:30 |5704
Şanhaý Szýaotun uniwersitetiniň alymlary daşky atmosferadan gönüden-göni agyz suwuny almaga mümkinçilik berýän düýpgöter täze tehnologiýany işläp taýýarladylarŞanhaý Szýaotun uniwersitetiniň alymlary daşky atmosferadan gönüden-göni agyz suwuny almaga mümkinçilik berýän düýpgöter täze tehnologiýany işläp taýýarladylar
Çeşme: pexels

Şanhaý Szýaotun uniwersitetiniň alymlary daşky atmosferadan gönüden-göni agyz suwuny almaga mümkinçilik berýän düýpgöter täze tehnologiýany işläp taýýarladylar. Ýokary temperatura we pes çyglylyk derejeleri ýaly dürli howa şertlerine uýgunlaşdyrylan bu innowasiýa, planetadaky suw serişdeleriniň ýetmezçiligi bilen bagly meselesini çözmäge möhüm goşant goşar diýip garaşylýar. Bu barada China Daily gazetinde habar berilýär.

Suw toplamak üçin kondensasiýa, siňdiriş hem-de ýylylyk nasosyny ulanmakdan ybarat toplumlaýyn usul ulanylýar.

Taslamanyň esasy elementi diňe gün energiýasy arkaly işleýän awtonom bekedi boldy. Bu bolsa enjamyň daşarky infrastruktura mätäç bolmazdan işlemegine mümkinçilik berýär.

Ölçegi boýunça kiçi awtobus duralgasyna meňzeýän bu enjam ýokary netijeliligi bilen tapawutlanýar:

• Işleýiş aralygy: +15°C-den +40°C-e çenli hem-de howanyň 35%–99% çyglylygynda.

• Önümçilik: Kiçi stansiýa bir günde 50 litre çenli agyz suwuny öndürip bilýär.

Platforma günde 1,6 müň litre çenli suw öndürip bilýän görnüşde hem gurlup bilner. Bu bolsa ony kiçi ýaşaýyş ýerlerini ýa-da agyz suwy howpsuzlygy pes bolan sebitleri suw bilen üpjün etmek üçin amatly edýär. Täze çözgüdiň dünýäniň gurak sebitleri üçin örän möhüm serişde bolmagyna garaşylýar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi duýgur harytlaryň we serişdeleriň üstaşyr geçirilmegine gözegçiligi güýçlendirýärler

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi duýgur harytlaryň we serişdeleriň üstaşyr geçirilmegine gözegçiligi güýçlendirýärler

13:15 Awgust 16, 2026
Gümrük işgärleri Türkmenbaşy — Baku ugry boýunça Orta geçelgäniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça türgenleşik geçirdiler

Gümrük işgärleri Türkmenbaşy — Baku ugry boýunça Orta geçelgäniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça türgenleşik geçirdiler

13:05 Awgust 16, 2026
Özbegistan bilen Türkmenistan üstaşyrmalary ýeňilleşdirmek we göni howa gatnawlaryny ýola goýmak barada ylalaşýarlar

Özbegistan bilen Türkmenistan üstaşyrmalary ýeňilleşdirmek we göni howa gatnawlaryny ýola goýmak barada ylalaşýarlar

13:02 Awgust 16, 2026