Şawkat Mirziýoýew: Türkmenistanyň syýasaty sebitde durnuklylygyň we ösüşiň möhüm şertidir


Aşgabat, 12-nji dekabr | ORIENT. Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara forumynda çykyş edip, doganlyk türkmen halkyny ýubileý bilen tüýs ýürekden gutlady. Özbegistanyň LideriTürkmenistanyň Bitaraplygynyň türkmen halkynyň ýörelgesiniň bir bölegine öwrülendigini, çuňňur taryhy däplere esaslanýandygyny we onuň filosofiýasynyň häzirki döwürde hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň işinde öz beýanyny tapandygyny we Prezident Serdar Berdimuhamedow tarapyndan täze depgin bilen durmuşa geçirilýändigini nygtady.
Prezident Şawkat Mirziýoýew Forumy parahatçylykly pikirleri öňe sürmek, özara ynamy berkitmek we halkara meseleleriniň çözgüdini tapmak üçin möhüm syýasy meýdandaça diýip atlandyrdy.
“Biz, Özbegistanda, köp babatda, türkmen doganlarymyzyň strategik garaýşyny we daşary syýasat çemeleşmelerini paýlaşýarys. Şunuň bilen baglylykda biz doganlyk Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikde Parahatçylyk we Bitaraplyk Uniwersitetini döretmek başlangyjyny goldaýarys” – diýip, Şawkat Mirziýoýew aýtdy.
Täze Özbegistan üçin dünýä açyklyk, özara hormat goýmak we dialoga ygrarlylyk esasy gymmatlyklardyr. Hut şonuň üçin hem umumy howpsuzlygyň we abadançylygyň hatyrasyna Samarkand raýdaşlyk başlangyjy öňe sürüldi.
Özbegistan 2025-nji ýyly Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip yglan etmek baradaky Türkmenistanyň başlangyjyny doly goldady we BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasynyň awtordaşlarynyň biri boldy diýip, Şawkat Mirziýoýew bu pikiri birleşdiriji pikir diýip atlandyrdy.
Özbegistanyň Goşulyşmazlyk Hereketine geljekki başlyklygynyň çäginde 2027-nji ýyly – Öňüni alyş diplomatiýasy ýyly diýip yglan etmek meýilleşdirilýär. Onuň çäginde BMG-niň Aşgabatdaky Sebit merkeziniň işjeň gatnaşmagynda maslahatlar, forumlar hem-de parlament we ýaşlar wekilýetiniň alyş-çalyşlaryny öz içine alýan çäreleriň maksatnamasy kabul ediler.
Prezident Mirziýoýew Merkezi Aziýany parahatçylyk, hyzmatdaşlyk we hoşniýetli goňşuçylyk zolagyna öwürmek syýasatynyň esasyny özara ynam, hormat we agzybirlik ýörelgeleriniň düzýändigini nygtady.
Türkmenistanyň konstruktiw syýasaty sebitde durnuklylygy we ösüşi üpjün etmekde möhüm şert bolup durýar. Aşgabadyň Aral deňzini halas etmek boýunça halkara gaznasynyň çäginde ýokary derejeli dialogy dikeltmekde we deňize çykalgasy bolmadyk ösýän ýurtlar boýunça BMG-niň maslahatyny geçirmekde uly orny aýratyn bellenildi.
Owganystanyň sebitleýin ykdysady proseslere gatnaşmagy we infrastruktura gatnaşyklaryny güýçlendirmek arkaly onuň parahatçylykly ösüşini öňe sürmekde iki ýurduň çemeleşmeleri doly gabat gelýär.
Ynsanperwer hyzmatdaşlyk arkaly uly meýilnamalary öňe ilerletmek üçin Daşkentde “Medeniýetleriň dialogy” atly bilelikdäki halkara ynsanperwer forumyny guramak we “Ýaşlar parahatçylyk we ynyşmak üçin” atly sebitleýin maksatnamany işe girizmek teklip edildi.








