Putin: Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk ruhunda üstünlikli ösýär


Aşgabat, 12-nji dekabr | ORIENT. Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan Halkara forumyna gatnaşdy. Russiýanyň Lideri öz çykyşynda Aşgabadyň Bitaraplyk syýasatyna ýokary baha berdi we Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň strategik ähmiýetini nygtady.
Prezident Wladimir Putin 30 ýyl mundan ozal hemişelik Bitaraplygyň peýdasyna edilen saýlawyň Türkmenistanyň strategik ösüş ugruny kesgitländigini we oňa Merkezi Aziýada we bütin dünýäde mynasyp hormaty we abraýy getirendigini belledi.
Rus Lideri Aşgabat Jarnamasynyň taslamasyna ýokary baha berdi hme-de Russiýanyň bu resminamany doly goldaýandygyny we onuň BMG-niň Tertipnamasynyň esasy ýörelgelerine ygrarlylygyny mälim etdi.
Wladimir Putin köptaraply institutlaryň ähmiýetini nygtap, 80 ýyllygyny belleýän BMG-ni halkara bähbitleriň deňagramlylygyny üpjün etmek we ylalaşylan çözgütleri tapmak üçin özboluşly, köplenç ýeke-täk mehanizm diýip atlandyrdy.
RF-niň Baştutany köp polýarly dünýäniň täze döwründe döwletleriň arasynda dogruçyl, açyk we özara bähbitli gatnaşyklaryň hut BMG-niň Tertipnamasynyň ýörelgelerine esaslanyp gurulmalydygyna ynam bildirdi.
Wladimir Putin Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk ruhunda ösýän şeýle gatnaşyklaryň üstünlikli gurulmagynyň aýdyň mysaly diýip atlandyrdy.
Ikitaraplaýyn ykdysady gatnaşyklaryň oňyn depgini tassyklanyldy, 2025-nji ýylyň ilkinji 10 aýynda söwda dolanyşygy tutuş geçen ýyldakydan ep-esli ýokary bolup, 35% ösdi. Rus kompaniýalary täze maýa goýum taslamalary ugunda iş alyp barýarlar.
Energetika we ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlyk pugtalanýar. Merkezi Aziýada we Hazar deňzinde köptaraply başlangyçlaryň, şol sanda “Demirgazyk-Günorta” ulag geçelgesiniň gurluşygynyň ähmiýeti bellenildi.
Bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk aýratyn bellenildi, Russiýada 54 müňden gowrak türkmen talybynyň okaýandygy bellenildi.
Russiýanyň Prezidenti 2026-njy ýylda Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmegi bilen baglylykda, Türkmenistana doly goldaw berjekdigine ynandyrdy diýip, Kremli web sahypasynda habar berilýär.








