HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň bilen Russiýanyň Prezidentleri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar

Dekabr 12, 2025 | 23:37 |13158
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumynyň meýdançasynda Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşdy. Däp bolan dostluk we ynanyşmak ýagdaýynda geçirilen gepleşikler türkmen-rus gatnaşyklarynyň strategik häsiýetini we sebitleýin durnuklylyk üçin olaryň ýokary ähmiýetini tassykladyTürkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumynyň meýdançasynda Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşdy. Däp bolan dostluk we ynanyşmak ýagdaýynda geçirilen gepleşikler türkmen-rus gatnaşyklarynyň strategik häsiýetini we sebitleýin durnuklylyk üçin olaryň ýokary ähmiýetini tassyklady
Çeşme: kremlin.ru

Aşgabat, 12-nji dekabr | ORIENT. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumynyň meýdançasynda Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşdy. Däp bolan dostluk we ynanyşmak ýagdaýynda geçirilen gepleşikler türkmen-rus gatnaşyklarynyň strategik häsiýetini we sebitleýin durnuklylyk üçin olaryň ýokary ähmiýetini tassyklady.

Serdar Berdimuhamedow rus kärdeşine Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara foruma gatnaşmaga çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Bellenilişi ýaly, bu Russiýa Federasiýasynyň Aşgabadyň daşary syýasatyny goldanylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Öz gezeginde, Prezident Wladimir Putin Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyga esaslanýan daşary syýasatyna ýokary baha berdi. Russiýanyň Lideri bu syýasatyň doly esaslandyrylandygyny, sebäbi onuň sebitdäki ýagdaýy durnuklaşdyrmaga goşant goşýandygyny we köp ýurtlar, şol sanda Russiýa bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek üçin amatly şertleri döredýändigini nygtady.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasy bilen strategik hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Aşgabat bilen Moskwanyň arasyndaky däp bolan gatnaşyklar ozaldan gelýän dostluga, ynanyşmaga, özara düşünişmäge esaslanýar.

Prezident Wladimir Putiniň belleýşi ýaly, “dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk ruhunda üstünlikli ösýän” we barha diwersifikasiýalaşdyrylýan söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösüşi gün tertibinde aýratyn orun eýeledi.

Döwlet Baştutanlary şeýle hem syýasy ulgamdaky ynanyşmak häsiýetine eýe bolan özaragatnaşyklara we halkara meýdançalardaky netijeli bilelikdäki işlere ýokary baha berdiler.

Medeni-ynsanperwer ulgamy döwletara hyzmatdaşlygynyň möhüm bölegi hökmünde kesgitlenildi. Taraplar ylym, bilim, saglygy goraýyş we medeniýet ulgamlarynda hyzmatdaşlyklara uly üns berip, iki ýurduň halklarynyň bähbidi üçin bu gatnaşyklary has-da çuňlaşdyrmagyň zerurdygyny nygtadylar.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Baştutany Russiýa Federasiýasy bilen mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn we köpugurly hyzmatdaşlyga taýýardygyny tassyklady we türkmen-rus gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalanjakdygyna ynam bildirdi. Öz gezeginde, Prezident Wladimir Putin, deslapky ylalaşyklara laýyklykda, dialogy dowam etdirmek üçin şu aýyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidente Sankt-Peterburgda garaşýandygyny mälim etdi.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ýaponiýada 7,1 derejede ýer titremesi 13 adamyň ömrüni kesdi we infrastruktura uly zyýan ýetirdi

Ýaponiýada 7,1 derejede ýer titremesi 13 adamyň ömrüni kesdi we infrastruktura uly zyýan ýetirdi

22:30 Iýul 29, 2026
Putin Russiýanyň harby gullukçylarynyň sanyny 25 müň adam artdyrdy

Putin Russiýanyň harby gullukçylarynyň sanyny 25 müň adam artdyrdy

21:00 Iýul 29, 2026
BSG Türkiýäniň hytaý elektromobillerine girizen çäklendiriji çäreleriniň düzgünleri bozýandygyny ykrar etdi

BSG Türkiýäniň hytaý elektromobillerine girizen çäklendiriji çäreleriniň düzgünleri bozýandygyny ykrar etdi

19:00 Iýul 29, 2026