HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Hytaý DIM: Hytaý Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çärä gatnaşýar

Dekabr 12, 2025 | 12:04 |232
Çeşme: orient.tm

Pekinde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen geçirilen duşuşykda Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň wekili Guo Siakun, hepdäniň anna güni Türkmenistanda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýän Halkara Forumyna Hytaý döwletiniň resmi wekilleriniň gatnaşýandygyny habar berdi. Türkmenistanyň hökümetiniň çakylygy boýunça, bu Foruma Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň ýörite wekili hem-de Halk wekilleriniň Umumymilli Ýygnagynyň Hemişelik komitetiniň başlygynyň orunbasary Pen Sinhua gatnaşar. “Türkmenistan Hytaýyň ygtybarly strategik hyzmatdaşydyr. Şu ýyl Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy dabaraly bellenip geçilýär. Türkmenistanyň teklibi esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýyl Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip, yglan edilipdi. Hytaý döwleti Türkmenistanyň hökümetiniň geçirýän bu halkara derejeli çäresine ýokary baha berýär we ýurduň hemişelik Bitaraplyk syýasatyny hem-de onuň halkara derejesinde ornuny has-da berkitmek ugrunda edýän tagallalaryny goldaýar” diýip, Guo Siakun belledi. “Soňky ýyllarda iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň tagallasy bilen ýokary depginde ösdi. Biz bu saparyň iki ýurduň arasyndaky möhüm ylalaşyklary doly durmuşa geçirmäge, syýasy ynamy güýçlendirmäge, dostlukly gatnaşyklary has-da berkitmäge, özara hyzmatdaşlygy giňeltmäge hem-de Hytaý – Türkmenistan gatnaşyklarynyň ösmegine oňyn itergi berjekdigine ynanýarys” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Gümrük işgärleri Türkmenbaşy — Baku ugry boýunça Orta geçelgäniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça türgenleşik geçirdiler

Gümrük işgärleri Türkmenbaşy — Baku ugry boýunça Orta geçelgäniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça türgenleşik geçirdiler

13:05 Awgust 16, 2026
Özbegistan bilen Türkmenistan üstaşyrmalary ýeňilleşdirmek we göni howa gatnawlaryny ýola goýmak barada ylalaşýarlar

Özbegistan bilen Türkmenistan üstaşyrmalary ýeňilleşdirmek we göni howa gatnawlaryny ýola goýmak barada ylalaşýarlar

13:02 Awgust 16, 2026
“KIDS EXPO 2026”-da mekdep ýarmarkasy: täze okuw ýyly üçin ähli zerur zatlar bir ýerde

“KIDS EXPO 2026”-da mekdep ýarmarkasy: täze okuw ýyly üçin ähli zerur zatlar bir ýerde

13:00 Awgust 16, 2026