HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Russiýanyň «Graviton» kompaniýasy serwerleri çaltlaşdyrjak we internedi gorajak çipi çykardy

Dekabr 09, 2025 | 15:00 |7197
Hasaplaýyş tehnikasynyň rus işläp taýýarlaýjysy we öndürijisi bolan «Graviton» kompaniýasy täze akylly ulgam kartasynyň — SNC-QSFP2-SH01 modeliniň çykarylandygyny habar berdi. Bu enjam tor meselelerini enjamlar derejesinde (hardware) çaltlaşdyrmak üçin niýetlenendirHasaplaýyş tehnikasynyň rus işläp taýýarlaýjysy we öndürijisi bolan «Graviton» kompaniýasy täze akylly ulgam kartasynyň — SNC-QSFP2-SH01 modeliniň çykarylandygyny habar berdi. Bu enjam tor meselelerini enjamlar derejesinde (hardware) çaltlaşdyrmak üçin niýetlenendir
Çeşme: habr.com

Hasaplaýyş tehnikasynyň rus işläp taýýarlaýjysy we öndürijisi bolan «Graviton» kompaniýasy täze akylly ulgam kartasynyň — SNC-QSFP2-SH01 modeliniň çykarylandygyny habar berdi. Bu enjam tor meselelerini enjamlar derejesinde (hardware) çaltlaşdyrmak üçin niýetlenendir. Munuň özi serwerleriň merkezi prosesorlarynyň ýüküni ep-esli azaltmaga hem-de maglumatlary işleýiş merkezleriniň (MIM) umumy netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.

Täze ulgam kartasy ýokary öndürijilikli PLIS-e (Programmirläp bolýan logiki integral shema) esaslanýar we onuň içinde 50 Mbit-den gowrak blok ýady bar.

Esasy tehniki aýratynlyklar we artykmaçlyklar:

• Tizlik: Karta iki sany QSFP28 port bilen enjamlaşdyrylandyr, her biri sekuntda 100 Gbit çenli maglumat geçirmek ukybyna eýe.

• Çeýelik: PLIS-iň programmirläp bolýan logikasynyň kömegi bilen karta wirtualizasiýa we traffige degişli çylşyrymly meseleleri ýerine ýetirip bolýar.

• MP ýükiniň peseldilmegi: Enjam traffigi gaýtadan işlemek prosesini ýöriteleşdirilen enjam derejesine geçirýär, bu bolsa serweriň merkezi prosesoryna agramy azaldýar hem-de bulut hyzmatlarynyň işini çaltlaşdyrýar.

SNC-QSFP2-SH01 modeli kiberhowpsuzlyk ulgamlarynda (tor traffigindäki howplary ýüze çykarmak we ýok etmek) we DPI (bukjanyň çuňňur derňewi) ýaly ýöriteleşdirilen ulgamlarda hem-de täze nesil torda gorag diwarlary (NGFW) üçin ulanylyp bilner.

«Graviton» kompaniýasy kartlary belli bir tehniki talaplara we wezipelere laýyklykda uýgunlaşdyrmak maksady bilen amaly ulgam döredijileri bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýyndygyny belleýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda kino we saz dünyäsine bagyşlanan bäsleşik geçirildi

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda kino we saz dünyäsine bagyşlanan bäsleşik geçirildi

15:24 Oktýabr 23, 2026
Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

19:00 Oktýabr 22, 2026
Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

17:00 Oktýabr 22, 2026