Lançjou uniwersitetiniň wekiliýeti Türkmenistanda iş saparynda boldular


Golaýda Lanjou uniwersitetiniň wekiliýeti iş sapary bilen Türkmenistanda boldular. Saparyň barşynda Lançjou uniwersitetiniň wekilýeti bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň arasynda duşuşyklar boldy. Duşuşyklarda iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky dürli ugurlar boýunça pikir alyşdylar. Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygynyň, 2025-nji ýyl Halkara parahatçylyk we ynam ýyly diýlip yglan edilmeginiň, şeýle hem Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň çäklerinde geçirilen bu duşuşykda hytaýly hünärmenler Türkmenistanyň dürli ugurlardaky ösüşi barada belläp geçdiler.

Esasan hem Lançjou uniwersitetiniň Syýasy we halkara gatnaşyklar institutynyň professory, Türkmenistanyň ylmy-barlag merkeziniň müdiri Wan Sihaý öz çykyşyndaky garaýyşlarda “Türkmenistan bilen Hytaý bilelikde parahatçylygyň, ynamyň we ösüşiň täze döwrüni gurýarlar”, “Türkmenistan bilen Hytaýyň özara gatnaşyklarynda ideologiki mazmun we tejribe”, Türkmen - Hytaý gatnaşyklarynyň ýaşlar syýasaty nukdaýnazaryndan geljegi" “Hytaý türkmen tarapyna ýokary baha berýär” ýaly mazmunly pikirleri nygtap geçdi.
Alym Wan Sihaýyň duşuşyklardaky eden çykyşlaryndaky garaýyşlary Lançjou uniwersitetiniň Merkezi Aziýa ylym-barlag merkeziniň “Lançjou uniwersitetiniň wekilýeti Türkmenistana sapar bilen çagyryldy” atly çap edilen habarlarynda hem giňişleýin beýan edilýär. Bu habarda “Bir guşak, bir ýol” inisiatiwasynyň çäklerinde Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky köptaraplaýyň dostlukly hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak baradaky garaýyşlarynyň üstünlikli bolandygy bellenildi.

Şeýle-de habarda duşuşyklaryň çäklerinde Hytaýyň we Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň we seljeriş merkezleriniň alymlary we hünärmenleri iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk, ynsanperwer alyş-çalyşlar, bilim hyzmatdaşlygy we ýaşlaryň gepleşikleri ýaly temalar boýunça giň diskussiýalaryň we çuňňur gepleşikleriň işjeň geçirilendigi bellenildi.
Guwanç Serdarow
TDIM-niň HGI-niň III ýyl talyby








