HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

DeepSeek V3.2 täzelenmesini hödürledi: AI modeli halkara olimpiadalarda “altyn medallaryň” derejesine çykdy

Dekabr 02, 2025 | 13:30 |6015
Hytaýyň DeepSeek kompaniýasy öz AI ugrunyň iň giň möçberli täzelemesi bolan V3.2 ulgamyny hödürlediHytaýyň DeepSeek kompaniýasy öz AI ugrunyň iň giň möçberli täzelemesi bolan V3.2 ulgamyny hödürledi
Çeşme: shutterstock.com

Hytaýyň DeepSeek kompaniýasy öz AI ugrunyň iň giň möçberli täzelemesi bolan V3.2 ulgamyny hödürledi. Täze ulgam iki möhüm modeli öz içine alýar, hem-de olaryň hersi strategik ähmiýete eýe. Bu täze çykaryş kompaniýanyň OpenAI we Google ýaly dünýä liderleri bilen bir derejede çykyş etmäge taýýardygyny tassyklaýar.

Esasy üns merkezinde tejribe görnüşindäki DeepSeek-V3.2-Speciale modeli durýar. Ol uzak logiki pikir ýöretmek we meýilleşdirmek başarnyklary boýunça ajaýyp netijeleri görkezdi we halkara derejesindäki üstünliklere — 2025-nji ýylyň Halkara Matematika Olimpiadasynyň (IMO 2025) we Hytaý Matematika Olimpiadasynyň (CMO 2025) şertli “altyn medallaryna”, şeýle hem ICPC we IOI ýaryşlarynda ýokary orunlara mynasyp boldy.

Bu üstünlik, modeliň logiki pikirlenmä aýratyn ähmiýet berýän arhitekturasy bilen mümkin boldy. Speciale birnäçe tapgyrdan ybarat öz-özüni barlamak (self-verification) prosesi arkaly netijelerini hakyky wagtda tankytlap, kämilleşdirip bilýär. Munuň esasynda ykrar edilen DeepseekMath-V2 taslamasynyň öňdebaryjy tehnologiýasynyň utgaşdyrylmagy ýatyr.

Uly hasaplaýyş mümkinçiliklerini talap edýän Speciale häzirki wagtda diňe barlagçylar üçin API arkaly elýeterli bolsa-da, DeepSeek-V3.2-niň esasy wersiýasy giň gerimli, çalt we ýokary netijelilikli gural hökmünde hödürlenilýär. Kompaniýanyň maglumatyna görä, onuň öndürijiligi GPT-5 derejesine gabat gelýär.

DeepSeek täze çykarylyşyň açyk we ýapyk AI ekoulgamlarynyň arasyndaky aralygy ep-esli azaldýandygyna ynanýar. Iki wersiýa hem resmi taýdan HuggingFace we ModelScope platformalarynda elýeterlidir.

ORIENT

Goşmaça okaň:

Innowasiýalaryň ýeňşi: “PECMA” startapy Aşgabatdaky Demo Day 2025 çäresiniň ýeňijisi boldy

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

23:26 Sentýabr 26, 2026
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

23:00 Sentýabr 26, 2026
ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň syýasatyny berkitmegine garaşylýan şertlerde Ýaponiýanyň döwlet obligasiýalarynyň girdejililigi 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň syýasatyny berkitmegine garaşylýan şertlerde Ýaponiýanyň döwlet obligasiýalarynyň girdejililigi 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

18:00 Sentýabr 26, 2026