Şu gün Aşgabatdaky «Arkaç» işewürlik merkezindäki «Iş nokady» maslahatlar zalynda «Startup Academy» maksatnamasynyň jemleýji çäresi bolan «Demo Day» geçirildi. Çäräniň dowamynda ýaş telekeçiler tarapyndan taýýarlanylan bilim, tehnologiýa, maliýe we gündelik durmuşyň beýleki ugurlaryny üýtgetmäge degişli innowasion taslamalar görkezildi.

«Demo Day» çäresi ýaş işläp düzüjileriň, maýadarlaryň, mentorlaryň we bilermenleriň ençemesini bir ýere jemledi. Onuň dowamynda gatnaşanlar ýurtda innowasion taslamalary durmuşa geçirmegiň ileri tutulýan ugurlary barada pikir alyşmaga, türkmen ýaşlarynyň täzeçil tehnologiki oýlap tapyşlary bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar.
Maglumat hökmünde bellesek, «Startup Academy» işläp düzüjileri ilkinji ideýadan we çaklamadan taýýar önüm (MVP), marketing strategiýasy we maliýe modeline çenli alyp barýan intensiw maksatnamadyr. Akademiýa gatnaşyjylara degişli gurşaw barada maglumat almakda, zerur ukyp-başarnyklary özleşdirmekde ýardam edilýär. Şeýle-de olar bilermenleriň hem-de mentorlaryň goldawyny alyp bilýärler.
ORIENT
