HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda banknotlaryň täze nusgalary dolanyşyga girizilýär

Dekabr 01, 2025 | 09:00 |7595
1-nji dekabryndan 1, 5, 10 manatlyk modifisirlenen polimer banknotlary, şeýle hem täze 200 manatlyk polimer banknoty dolanyşyga girizýär.1-nji dekabryndan 1, 5, 10 manatlyk modifisirlenen polimer banknotlary, şeýle hem täze 200 manatlyk polimer banknoty dolanyşyga girizýär.
Çeşme: tdh.gov.tm

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň Merkezi banky Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 1-nji dekabryndan 1, 5, 10 manatlyk modifisirlenen polimer banknotlary, şeýle hem täze 200 manatlyk polimer banknoty dolanyşyga girizýär.

Merkezi bankyň metbugat beýanatynda habar berlişi ýaly, bu pullaryň esasy aýratynlygy hapalanma, könelme, zeperlenme ýaly daşky täsirlere durnuklylygydyr. Şeýle-de olaryň gorag alamatlary has güýçlendirilip, hakykylygyny tassyklaýan şekilleri wizual taýdan kämilleşdirildi. 1, 5 we 10 manatlyk banknotlaryň reňki hem-de şekili öňki görnüşde saklanyp, olarda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň nyşany şekillendirilendir.

200 manatlyk banknotyň ýüz tarapynda «Arkadag» binasynyň, arka tarapynda bolsa Arkadag şäher häkimliginiň edara ediş binasynyň şekili ýerleşdirilipdir. Dolanyşyga giriziljek modifisirlenen manatlaryň we täze banknotyň ýüz tarapynda olaryň çykarylan senesi, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň müdiriýetiniň başlygynyň golunyň faksimilesi görkezilýär.

Bu banknotlar ýurdumyzyň çäginde eýeçiliginiň görnüşine, alyp barýan iş ugruna garamazdan, edara-kärhanalaryň we guramalaryň ählisi tarapyndan tölegleriň ähli görnüşleri boýunça hökmany kabul edilmäge degişlidir. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň 2009-njy, 2012-nji, 2014-nji, 2017-nji, 2020-nji ýyllaryň nusgasyndaky ähli banknotlary Türkmenistanyň çäginde kanuny töleg serişdesi bolmagynda galýar.

Ýurdumyzyň çäginde dolanyşykda bolan banknotlardyr teňňeleriň hakykylygyny takyk kesgitlemek üçin azyndan bäş sany gorag alamatyny barlamak zerurdyr. Bu alamatlar baradaky maglumatlar bilen https://www.cbt.tm salgysy boýunça Merkezi bankyň resmi internet saýtyndan tanşyp bilersiňiz.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
ŞHG sebit durnuklylygyny we ykdysady hyzmatdaşlygy güýçlendirmegi maksat edinýär

ŞHG sebit durnuklylygyny we ykdysady hyzmatdaşlygy güýçlendirmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 21, 2026
Kuala-Lumpuryň üstünde tüsseli duman iki hepde bäri saklanýar

Kuala-Lumpuryň üstünde tüsseli duman iki hepde bäri saklanýar

17:00 Oktýabr 21, 2026
Wan I Ýewraziýa saparynyň netijelerini jemledi: ynam, dostluk, hyzmatdaşlyk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklary

Wan I Ýewraziýa saparynyň netijelerini jemledi: ynam, dostluk, hyzmatdaşlyk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklary

15:00 Oktýabr 21, 2026