HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan ýurdumyzyň banklarynyň auditi boýunça halkara bäsleşigini yglan edýär

Noýabr 28, 2025 | 23:50 |8737
Türkmenistanda ýurdumyzyň esasy karz edaralarynyň maliýe hasabatynyň garaşsyz barlagyny geçirmek üçin abraýly daşary ýurt auditor kompaniýalaryny saýlamak maksady bilen halkara bäsleşigi yglan etmegi meýilleşdirilýärTürkmenistanda ýurdumyzyň esasy karz edaralarynyň maliýe hasabatynyň garaşsyz barlagyny geçirmek üçin abraýly daşary ýurt auditor kompaniýalaryny saýlamak maksady bilen halkara bäsleşigi yglan etmegi meýilleşdirilýär
Çeşme: orient.tm

Türkmenistanda ýurdumyzyň esasy karz edaralarynyň maliýe hasabatynyň garaşsyz barlagyny geçirmek üçin abraýly daşary ýurt auditor kompaniýalaryny saýlamak maksady bilen halkara bäsleşigi yglan etmegi meýilleşdirilýär.

Bu teklip, 28-nji noýabrda, anna güni geçirilen Türkmenistanyň Hökümet mejlisinde, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow tarapyndan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hödürlenildi.

Mälim edilmegine görä, audit barlagyndan geçjek banklar: Türkmenistanyň Döwlet ösüş banky, Döwlet daşary ykdysady iş banky, “Daýhanbank”, “Türkmenistan” döwlet täjirçilik banklary, “Türkmenbaşy”, “Halkbank”, “Senagat”, Türkmen-türk paýdarlar täjirçilik banklary.

Barlag "Karz edaralary we bank işi hakynda”, “Auditorçylyk işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna hem-de “Türkmenistanda buhgalterçilik hasaba alnyşy we auditi özgertmegiň maksatnamasy hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda geçiriler.

Dünýäniň abraýly halkara edaralarynyň sanawyna girýän auditor kompaniýalarynyň bu işe çekilmegi karz edaralarynda maliýe hasabatlarynyň takyklygyny seljermäge hem-de bank işiniň ugurlaryna baha bermäge mümkinçilik döreder.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň banklary tarapyndan köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde audit barlaglary boýunça halkara bäsleşikleri yglan etmek baradaky teklibi goldady hem-de bank ulgamynyň işini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de dowam etdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
ŞHG sebit durnuklylygyny we ykdysady hyzmatdaşlygy güýçlendirmegi maksat edinýär

ŞHG sebit durnuklylygyny we ykdysady hyzmatdaşlygy güýçlendirmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 21, 2026
Kuala-Lumpuryň üstünde tüsseli duman iki hepde bäri saklanýar

Kuala-Lumpuryň üstünde tüsseli duman iki hepde bäri saklanýar

17:00 Oktýabr 21, 2026
Wan I Ýewraziýa saparynyň netijelerini jemledi: ynam, dostluk, hyzmatdaşlyk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklary

Wan I Ýewraziýa saparynyň netijelerini jemledi: ynam, dostluk, hyzmatdaşlyk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklary

15:00 Oktýabr 21, 2026