HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Üstaşyr sanlylaşdyrma, ekologiýa, ECO-Garaýyş - Türkmenistan YHG-niň DIM-niň ýolbaşçylarynyň Geňeşinde

Noýabr 28, 2025 | 20:15 |6054
2025-nji ýylyň 28-nji noýabrynda göni wideo aragatnaşyk arkaly, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) 29-njy Daşary işler Ministrler Geňeşiniň mejlisi geçirildi. Gazagystan Respublikasynyň ýolbaşçylygynda geçen Mejlisiň işine Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow gatnaşdy2025-nji ýylyň 28-nji noýabrynda göni wideo aragatnaşyk arkaly, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) 29-njy Daşary işler Ministrler Geňeşiniň mejlisi geçirildi. Gazagystan Respublikasynyň ýolbaşçylygynda geçen Mejlisiň işine Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow gatnaşdy
Çeşme: mfa.gov.tm

2025-nji ýylyň 28-nji noýabrynda göni wideo aragatnaşyk arkaly, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) 29-njy Daşary işler Ministrler Geňeşiniň mejlisi geçirildi. Gazagystan Respublikasynyň ýolbaşçylygynda geçen Mejlisiň işine Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow gatnaşdy.

Bu çäre, gurama agza ýurtlaryň arasynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek, sebitara özara gatnaşyk gurallary kämilleşdirmek we Guramanyň işini has netijeli etmek meselelerine bagyşlandy.

Mejlise gatnaşyjylar, Baş sekretaryň hasabatyna aýratyn üns berip, «ECO-nyň 2035-nji ýyldaky ykdysady hyzmatdaşlygynyň strategik maksatlary» taslamasyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmen tarapy, resminamanyň has hakykylyk cemeleşmesine, taslama gönükdirilişine we amal ediş usullaryna laýyklykda işlenip düzülişine degişli möhüm teklipler bildirdi. Munuň bilen baglylykda, ECO Vision 2025 taslamasynyň geçiş döwrüniň dowam etdirilmegi goldanyldy.

Ahmet Gurbanow öz çykyşynda, Türkmenistanyň YHG-niň çäklerindäki ileri tutulýan ugurlaryny anyk kesgitläp, ulag-logistika özara baglanyşygyň, üstaşyr sanlylaşdyrmanyň ösdürilmegi we sebit infrastruktura gatnaşyklarynyň berkidilmegi barada belledi. Bilelikdäki taslamalaryň utgaşdyrylmagy üçin Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Durnukly ulag onýyllygynyň (2026–2035) yglan edilmeginiň ähmiýeti nygtaldy.

turkmenistan-oes-eco-vision-tranzit.jpg

Ministriň orunbasary Türkmenistanyň ekologiýa başlangyçlaryna, şol sanda BMG-niň çäklerinde Çölleşmä garşy göreş boýunça Sebit Merkeziniň hem-de Howa Tehnologiýalary Merkeziniň döredilmegine aýratyn üns çekdi. Ýaşyl transformasiýa üçin halkara maliýe institutlary bilen hyzmatdaşlygyň zerurdygy nygtaldy.

Mejlisde, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek, hususy pudagy goldamak, sanly söwda gurallary ornaşdyrmak we ynsanperwer gatnaşyklary güýçlendirmek meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisiň netijeleri boýunça YHG-niň işiniň guramaçylyk we maliýe meseleleri ylalaşyldy, geljekki bilelikdäki başlangyçlary ösdürmek üçin çäreler kesgitlendi. YHG-niň Daşary işler ministrleriň Geňeşiniň indiki mejlisi 2026-njy ýylda Pakistanda geçiriler.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026