HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Uber Abu-Dabide doly uçarmansyz taksi hyzmatyny işe girizdi

Noýabr 28, 2025 | 16:45 |3487
Uber we WeRide kompaniýalary Birleşen Arap Emirlikleriniň paýtagty Abu-Dabide doly uçarmansyz taksi boýunça synag taslamany işe girizdiUber we WeRide kompaniýalary Birleşen Arap Emirlikleriniň paýtagty Abu-Dabide doly uçarmansyz taksi boýunça synag taslamany işe girizdi
Çeşme: Uber

Uber we WeRide kompaniýalary Birleşen Arap Emirlikleriniň paýtagty Abu-Dabide doly uçarmansyz taksi boýunça synag taslamany işe girizdi. Hyzmatyň özboluşlylygy — ulaglarda hatda howpsuzlygy gözegçilikde saklaýan sürüji ýok. Bu ýagdaý awtonom ýolagçy daşaýyşynyň ösüşinde täze ädim hasaplanýar.

2024-nji ýylyň dekabryndan bäri taýýarlanan hyzmat häzirki wagtda diňe Abu-Dabiniň meşhur syýahatçylyk zolaklarynyň biri bolan Ýas adasynda, takmynan 12 inedördül mil meýdanda elýeterlidir. Kompaniýalar indiki bäş ýylyň dowamynda hyzmaty dünýäniň 15 sany megapolisine, şol sanda birnäçe Ýewropa şäherlerine giňeltmegi meýilleşdirýär.

Ýörite gatnawlarda Geely kompaniýasynyň Farizon SuperVan modeliniň esasynda ýasalyp, WeRide GXR atly awtoulaglary ulanylýar. Her ulag daşyndan we içinden 20-den gowrak datçik we kamera bilen enjamlaşdyrylandyr.

Hyzmatdan peýdalanmak üçin ulanyjylar:

• UberX ýa-da Uber Comfort nyrhnamalary boýunça awtoulag sargyt etmeli.

• Ulag gözleginden öň "Awtonom" diýen opsiýany işjeňleşdirmek.

Hyzmat işe girizilendigine garamazdan, uçarmansyz ulaglaryň sany häzirlikçe çäkli. Taslamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi Abu-Dabide hyzmatyň giňeldilmegine hem-de beýleki halkara bazarlarynda meňzeş mümkinçilikleriň açylmagyna ýol açar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Fransiýanyň Konstitusion Geňeşi çagalaryň sosial ulgamlara girmegini gadagan edýän kanuny ýatyrdy

Fransiýanyň Konstitusion Geňeşi çagalaryň sosial ulgamlara girmegini gadagan edýän kanuny ýatyrdy

19:00 Awgust 17, 2026
Germaniýadaky gurakçylyk hasylyň azalmagyna howp salýar

Germaniýadaky gurakçylyk hasylyň azalmagyna howp salýar

16:30 Awgust 17, 2026
KIDS EXPO 2026 sergisinde küşt boýunça dünýäniň çempionlary Türkmenistanyň ýygyndy toparlary üçin ussatlyk sapaklaryny geçirer

KIDS EXPO 2026 sergisinde küşt boýunça dünýäniň çempionlary Türkmenistanyň ýygyndy toparlary üçin ussatlyk sapaklaryny geçirer

14:41 Awgust 17, 2026