Türkmen wekiliýeti Akwaspartada ylmy hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi barada maslahatlaşdy


2025-nji ýylyň 24-nji noýabrynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti Allaberdi Aşirowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Italiýa Respublikasyndaky saparynyň çäklerinde Akwasparta şäherine iş sapary boldy. Wekiliýeti şäheriň häkimi Jowanni Montani mähirli garşylady. Saparyň dowamynda türkmen tarapy dünýäde ilkinji ylmlar akademiýasy hasaplanýan, meşhur italýan fizik alymy Galileo Galileýiň işlän ýerlerinden biri bolan Palazzo Çezi akademiýasyna we Italiýanyň öňdebaryjy medeni we ylmy merkezleriniň birine baryp gördi.

Duşuşykda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti Allaberdi Aşirow Türkmenistanyň daşary syýasaty barada – onuň oňyn bitaraplyk, parahatçylyk we gyzyklanma bildirýän daşary ýurt hyzmatdaşlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýandygy barada gürrüň berdi.
Taraplar şu ýylyň oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Italiýa Respublikasyna amala aşyran saparynyň dowamynda iki ýurduň ýolbaşçylarynyň arasynda gazanylan ylalaşyklara laýyklykda, gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň birnäçe ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Şäher häkimi Jowanni Montani matematik we fizik alymlarynyň gatnaşmagyndaky her ýylky halkara maslahatyna türkmen tarapyny gatnaşmaga çagyrdy.
Jogap hökmünde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti Allaberdi Aşirow şäher häkimini Türkmenistanda bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli geçiriljek maslahata gatnaşmaga çagyrdy.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistanyň we Italiýa Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da ösdürmek we berkitmek maksady bilen işjeň dialoga ygrarlydyklaryny tassykladylar hem-de biri-birine iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.
ORIENT








