HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Zelenskiý 2027-nji ýyl üçin Ýewropa Bileleşiginden ýene 70 milliard ýewro kömek sorady

Oktýabr 17, 2026 | 15:00 |213
Çeşme: orient.tm

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý anna güni Ýewropa Bileleşiginiň ýolbaşçylaryndan 2027-nji ýylda Ukraina üçin azyndan goşmaça 70 milliard ýewro kömek bermegi sorady.

Brýusselde geçirilen Ýewropa Bileleşiginiň sammitinde çykyş eden Zelenskiý Ukrainanyň konflikt bilen bagly çykdajylarynyň geljek ýyl 155 milliard ýewro ýetip biljekdigini aýtdy. Onuň sözlerine görä, goşmaça serişdeler goranyş, ýarag satyn almak we ýurduň durnuklylygyny üpjün etmek üçin zerur.

Zelenskiý 70 milliard ýewro möçberindäki kömegi hakyky zerurlyk diýip atlandyrdy we Ýewropadaky hyzmatdaşlaryny degişli serişdeleri tapmaga çagyrdy.

Soňky metbugat maslahatynda ol Ukrainanyň ABŞ-nyň gözegçiligindäki Starlink hemra aragatnaşyk ulgamyna ýokary derejede baglydygyny hem aýtdy. Zelenskiniň sözlerine görä, hyzmatyň tizligine girizilen soňky çäklendirmeler pilotsyz uçarlary saklamak we harby logistika işlerini kynlaşdyrdy.

Ukrainanyň Prezidenti Waşingtonyň Moskwa bilen dizel ýangyjy boýunça soňky ylalaşygyny we käbir sanksiýalaryň ýeňilleşdirilmegini hem tankytlap, Kiýewiň bu barada öňünden habarly edilmändigini aýtdy.

Şol bir wagtda Zelenskiý Ukraina bilen ABŞ-nyň gepleşik toparlarynyň aragatnaşyk saklamagy dowam etdirýändigini belledi.

CCTV+ habar bermegine görä, Ukraina ýokary çykdajylaryň we daşarky kömege garaşlylygyň dowam edýän şertlerinde 2027-nji ýyl üçin Ýewropa Bileleşiginden goşmaça maliýe we harby goldawa garaşýar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Yrak ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky konflikt sebäpli ýitgilerini 60 milliard dollara golaý diýip bahalandyrdy

Yrak ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky konflikt sebäpli ýitgilerini 60 milliard dollara golaý diýip bahalandyrdy

16:00 Oktýabr 17, 2026
Zelenskiý 2027-nji ýyl üçin Ýewropa Bileleşiginden ýene 70 milliard ýewro kömek sorady

Zelenskiý 2027-nji ýyl üçin Ýewropa Bileleşiginden ýene 70 milliard ýewro kömek sorady

15:00 Oktýabr 17, 2026
Pakistanda mekdebiň üçeginiň çökmegi azyndan 35 adamyň ölümine sebäp boldy

Pakistanda mekdebiň üçeginiň çökmegi azyndan 35 adamyň ölümine sebäp boldy

13:00 Oktýabr 17, 2026