HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Apple korporatiw satuwlaryny azaltýar: «Optimizasiýa» çäginde onlarça hünärmen işden boşadylýar

Noýabr 26, 2025 | 16:30 |4606
Apple kompaniýasy korporatiw satuwlar boýunça onlarça hünärmeni işden boşadyp, olara kompaniýanyň beýleki bölümlerinde degişli wezipelere geçmegi teklip edip başladyApple kompaniýasy korporatiw satuwlar boýunça onlarça hünärmeni işden boşadyp, olara kompaniýanyň beýleki bölümlerinde degişli wezipelere geçmegi teklip edip başlady
Çeşme: Apple

Apple kompaniýasy korporatiw satuwlar boýunça onlarça hünärmeni işden boşadyp, olara kompaniýanyň beýleki bölümlerinde degişli wezipelere geçmegi teklip edip başlady. Bloomberg agentliginiň habar bermegine görä, iri korporasiýalar we döwlet guramalary bilen işleýän işgärleri öz içine alýan bu wezipe üýtgetmeleri kompaniýanyň bu bazar pudagynda önümleriň satuw ulgamlaryny optimizirlemek maksadyna gönükdirilendir.

Işden boşatmalar korporatiw gurşawda Apple önümleriniň tanyşdyrylyşy we hasaplar bilen işleşmegi üpjün edýän hünärmenlere täsir etdi. 20-nji ýanwara çenli täze wezipe tapyp bilmedik işgärler öwezini dolma tölegleri bilen işden boşadyljakdyr.

Apple wekilleriniň bellemegine görä, Awstraliýada we Täze Zelandiýada meňzeş işden boşatmalardan soň girizilen bu üýtgeşmeler korporatiw müşderiler bilen gatnaşyklary giňeltmäge we funksiýalaryň gaýtalanmagyny aradan aýyrmaga gönükdirilendir.

Emma resmi däl çeşmeler başga mümkin sebäpleri hem görkezýärler:

• Resellerler bilen çalyşmak: Apple ýokary çykdajyly satuw işgärleriniň ýerine daşary ýurt resellerleriniň hyzmatlaryny peýdalanmak arkaly hemişelik zähmet çykdajylaryny azaltmaga synanyşyp biler.

• Döwlet pudagy: Işden boşatmalar ABŞ-nyň döwlet guramalary (Goranmak we Adalat ministrlikleri) bilen işleýän bölümleri hem öz içine aldy. Munuň belli bir bölegi hökümetiň içki özgertmelerinden we ýakynda bolan 43 günlük hökümetiň işiniň togtadylmagyndan gelip çykyp biler.

Apple-nyň häzirki wezipe optimizirlemegi Amazon ýa-da Meta ýaly bäsdeş kompaniýalardaky köpçülikleýin işden boşatmalara garanyňda has çäkli möçberde boldy.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
ŞHG sebit durnuklylygyny we ykdysady hyzmatdaşlygy güýçlendirmegi maksat edinýär

ŞHG sebit durnuklylygyny we ykdysady hyzmatdaşlygy güýçlendirmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 21, 2026
Kuala-Lumpuryň üstünde tüsseli duman iki hepde bäri saklanýar

Kuala-Lumpuryň üstünde tüsseli duman iki hepde bäri saklanýar

17:00 Oktýabr 21, 2026
Wan I Ýewraziýa saparynyň netijelerini jemledi: ynam, dostluk, hyzmatdaşlyk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklary

Wan I Ýewraziýa saparynyň netijelerini jemledi: ynam, dostluk, hyzmatdaşlyk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklary

15:00 Oktýabr 21, 2026