HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Egeý kenarynyň «altyn ýagy» nähili taýýarlanylýar?

Noýabr 24, 2025 | 13:45 |28204
Häzirki wagtda syýahat — diňe bir deňiz kenarynda dynç almak däl, eýsem ýerli ýaşaýjylaryň medeniýetine we ýaşaýyş durmuşyna aralaşmakdyr.Häzirki wagtda syýahat — diňe bir deňiz kenarynda dynç almak däl, eýsem ýerli ýaşaýjylaryň medeniýetine we ýaşaýyş durmuşyna aralaşmakdyr.
Çeşme: Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet we syýahatçylyk bölümi

Soňky ýyllarda syýahatçylaryň dynç alyş baradaky düşünjeleri ep-esli üýtgedi. Häzirki wagtda syýahat — diňe bir deňiz kenarynda dynç almak däl, eýsem ýerli ýaşaýjylaryň medeniýetine we ýaşaýyş durmuşyna aralaşmakdyr. «European Travel Commission-yň» (ETC) hasabatyna görä, ýewropaly syýahatçylaryň 60 göterimi belli bir sebitde dynç alyp, şol ýeriň ýaşaýyş-durmuş şertleri bilen ýakyndan tanyşmagy makul bilýär.

Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet we syýahatçylyk bölümi

Eger siz şeýle medeniýet bilen içgin tanyşmak isleýän bolsaňyz, Türkiýe size giňden gapylaryny açýar! Bu ýurduň iň täsirli tejribesi bolsa Egeý deňziniň kenarynda, oktýabrdan ýanwara çenli dowam edýän däp bolan zeýtun ýygnamak möwsümidir. Muny hökman synap görmeli!

Ortaýer deňziniň howasynyň we köpasyrlyk däpleriniň netijesinde, Türkiýe dünýäniň iň iri zeýtun we zeýtun ýagyny öndürijileriniň biri hasaplanýar. Howa mazaly sowaýança, ýerli ilat baglara çykyp, hasyl ýygnaýar. Syýahatçylar üçin bolsa bu — ýüzlerçe ýyl bäri bu toprakda dowam edýän taryhy prosesi öz gözleri bilen görmek üçin gaýtalanmajak mümkinçilikdir!

Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet we syýahatçylyk bölümi

Egeý Kenary – Türkiýäniň «Zeýtun ýüregi»

Zeýtun agajy anadoly medeniýetinde aýratyn orun eýeleýär. Hatda onuň ilkinjileri hut şu ýerde döredi diýen pikir öňe sürülýär. Häzirki wagtda Türkiýe dünýäniň iň iri bäş sany zeýtun öndürijisiniň biri bolup, onuň sebitde 80-e golaý görnüşi ösdürilýär.

Bu baý mirasyň ýüregi bolsa elbetde Egeý deňziniň kenarydyr! Bu ýerde ýurduň ähli zeýtun agaçlarynyň 75%-i ösýär. Bu ýerde zeýtun — diňe bir azyk önümi däl, eýsem ol ýaşaýş çeşmeleriň biri hasaplanylýar.

Çanakkale, Balykesir, Manisa, Izmir, Aýdyn we Mugla sebitlerindäki gadymy agaçlar ýüzlerçe ýyllygyň taryhyny özünde saklaýarlar. Hasyl möwsümi başlananda oba-şäherler hakyky şowhuna öwrülýär — tutuş maşgala, goňşy-golam bilelikde zähmet çekýär! Myhman hökmünde siz hem baglarda gezip, ýygnama prosesine gatnaşyp, ýerli baýramçylyk duýgysyny duýup bilersiňiz.

Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet we syýahatçylyk bölümi

Türkiýä mahsus däp: Arassa zeýtun ýagynyň syry

Egeý tagamlary dolulygyna zeýtundyr onuň ýagyndan taýýarlanýar. Miweler bişende, ýerli ilat olary ýitgisiz, eli bilen ýygnamaga has köp üns berýär — sebäbi diňe şeýle ýygnamak usuly iň ýokary hilli, iň arassa zeýtun ýagyny almaga mümkinçilik berýär.

Siz bu ýerde baglardan ýygnalan zeýtunlaryň ýerli zawodlara nädip getirilýändigini we ol ýerlerde altynsow reňkli, hoşboý ysly ýag görnüşine nähili gelýändigini görüp bilersiňiz. Bu diňe bir önümçilik däl, eýsem synlamaga mynasyp, haýrana goýýan işdir!

Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet we syýahatçylyk bölümi

Zeýtunyň yzlary bilen: «Route of the Olive Tree» ugry

Zeýtun däbini doly duýmak üçin iň gowy ýol — «Zeýtun agajynyň ýoluna» (Route of the Olive Tree) düşmekdir.

Başlangyç nokady: Syýahatyňyzy Ida daglaryndan başlap, Çanakkaledäki Adatepe Zeýtun ýagy muzeýine baryň — bu Türkiýede ilkinji zeýtun ýagy muzeýidir. Bu ýerde miweden ýag döretmegiň taryhy aýdyň görkezilýär.

Indiki duralga — Balykesirdäki Aýwalyk etraby. Bu ýer geografik taýdan bellenilen, dünýäde tanalýan zeýtun ýagy we «agzyň suwuny akdyrýan» Egeý tagamlary bilen meşhurdyr.

Manisada size dünýäniň iň gadymy hasyl berýän agaçlarynyň biri — 1650 ýyllyk Kyrkagaç zeýtun agajy garaşýar.

Izmir we Urla Soňra Izmire tarap ugraň. Çeşme, Seferihisar, Selçuk ýaly owadan şäherçeleriň arasynda Urla zeýtun taryhynyň «altyn derwezesi» hasaplanýar. Bu ýerde ýerleşýän Köstem Zeýtun ýagy muzeýi gadymy Klazomenai şäherinden başlap zeýtun ösümliginiň 4000 ýyllyk taryhyny görkezýär.

Syýahatyň ahyrynda bolsa Urla şäheriniň MICHELIN restoranlarynda ýerli zeýtun ýagy bilen taýýarlanan tagamlardan lezzet almagy, şeýle hem ýerli içgilerden dadyp görmegi ýatdan çykarmaň!

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

01:47 Iýun 18, 2026
Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

01:42 Iýun 18, 2026
Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

01:38 Iýun 18, 2026