HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

ANTALIÝA: LIKIÝA, KARIÝA WE KERAMATLY PAWELIŇ ÝOLUNYŇ GIZLIN GYMMATLYKLARY

Noýabr 21, 2025 | 13:10 |52417
Türkiýe — baý taryhy, beýik tebigaty we özboluşly sebitleri bilen dünýäniň öňdebaryjy syýahatçylyk ýurtlarynyň biri bolup, ýylsaýyn syýahatçylara aýratyn syýahat tejribesini hödürleýär.Türkiýe — baý taryhy, beýik tebigaty we özboluşly sebitleri bilen dünýäniň öňdebaryjy syýahatçylyk ýurtlarynyň biri bolup, ýylsaýyn syýahatçylara aýratyn syýahat tejribesini hödürleýär.
Çeşme: Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy

Türkiýe — baý taryhy, beýik tebigaty we özboluşly sebitleri bilen dünýäniň öňdebaryjy syýahatçylyk ýurtlarynyň biri bolup, ýylsaýyn syýahatçylara aýratyn syýahat tejribesini hödürleýär.

Munyň aýdyň mysallarynyň biri — britan neşiri «Time Out» tarapyndan Likiýa ýodasy dünýäniň «Iň owadan pyýada ugry» diýip ykrar edilmegi. Fethiýe bilen Antaliýany birleşdirýän bu rowaýata öwrülen ýol syýahatçylara tebigaty, taryhy we başdan geçirilişi bitewi bir ugurda birleşdirýär. Likiýa ýollary

Emma Türkiýäniň tebigy täsinlikleri diňe Likiýa ýodasy bilen çäklenmeýär. Ortaýer deňziň we Egeý deňziniň kenarlary boýunça onlarça taryhy seýil ýollary ýerleşýär. Bu ýodalar syýahatçylara dürli-dürli landşaftlary, owadan obalary öwrenmäge hem-de gizlin gymmatlyklary açmaga mümkinçilik berýär. Salkyn güýz günleri bu ugurlary öwrenmek üçin iň amatly döwürdir.

Ortaýer deňziniň kenarynyň owadan ýollary

Türkiýäniň Ortaýer Deňiz kenary — bir tarapdan gök deňziň, beýleki tarapdan bolsa belent Tawr daglarynyň ýerleşýän özboluşly sebiti. Bu ýerde iň meşhur ýol — ýurduň ilkinji uzak aralyga niýetlenen pyýada ýoly bolan, uzynlygy 500 kilometrden geçýän Likiýa ýodasy.

Ýoda gadymy likiýalylaryň şäherleri arkaly geçýär, olaryň arasynda ÝUNESKO-nyň sanawyna giren Ksanf-Letun, Olimpos, Patara we Mira bar. Ýolboýy syýahatçylar Üzümlü we Bezirgan ýaly däp bolan obalarda durup geçip bilerler, soň bolsa gezelenji alpinist meýdançasy bilen meşhur Geyikbaýyrda tamamlap bilerler. Likiýa ýollary

Taryha we ruhy tejribä ýakyn syýahat gözleýänler üçin Antaliýadaky Keramatly Paweliň Ýoly hem ajaýyp saýlawdyr. Bu ýol Türkiýedäki ikinji iň uzyn ugur bolup, Apostol Paweliň missiioner ýoluny gaýtalaýar. Ýoluň Pergeden hem-de Köprülü kanýonyndan başlanýan iki şahasynyň ugry Adadada birleşýär we Cittaslow derejesi berlen Ýalwaç şäherinde tamamlanýar. Bu ugur tebigatyň gözelligini hem-de ruhy taryhy bir wagtda duýmaga mümkinçilik berýär.

Egeý sebiti: taryh bilen bagry badaşan ýollar

Egeý sebiti hem salkyn möwsümde pyýada gezelenç üçin örän amatly. Bu ýerde iň uzyn ýol — Türkiýäniň iň uzyn pyýada ugry bolan Kariý ýodasy (850 km) geçýär.

Bu ýol gadymy kariýalylaryň yzlary boýunça geçýär we dört bölüme bölünýär: Bozburun ýarym adasy, meşhur badamly Datça hem-de Knidos şäheri, Gökowa aýlagyndaky Akýaka, hem-de Içki Kariýa sebitleri (Milas we Alinda ýaly gadymy şäherler).

Efeler ýoly Izmir sebitinde ýerleşip, «Green Destinations» tarapyndan taýýarlanan «Top 100 Stories» sanawyna girizilen durnukly syýahatçylyk ugrudyr. 28 tapgyrdan ybarat bu ýol taryhy Birgi we Şirinje obalarynyň üsti bilen geçýär. Syýahatçylar ýoluň dowamynda her obanyň medeni aýratynlyklary bilen tanyşyp, «Efeler Way Passport» üçin ýörite möhürleri toplap bilerler.

Egeý sebitiniň içerki böleginde ýerleşýän Frigiýa ýoly hem taryhy taýdan aýratyn ähmiýetli ugurdyr. Bu ýol Afýonkarahisar, Kütahýa, Eskişehir we Ankara sebitlerini öz içine alýar hem-de gadymy Frigiýa siwilizasiýasynyň yzlary boýunça geçýär.

Bu ýerde gadymy gaýa ybadathanalary, Açyk asmanyň astyndaky Kibele Taňryça bagyşlanan mukaddeslikleri, ÝUNESKO-nyň sanawyna giren Gordion şäheri hem-de Aýazini obasyndaky gadymy mazarlary görüp bolýar. Uzynlygy takmynan 500 km bolan bu ýol ahyrynda Eskişehir şäherindäki meşhur Ýazylykaýa toplumyna (Midas ýadygärligi) alyp barýar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

01:47 Iýun 18, 2026
Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

01:42 Iýun 18, 2026
Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

01:38 Iýun 18, 2026