HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Gurbanguly Berdimuhamedow – Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjanyň strategiki bitewüligi barada

Noýabr 19, 2025 | 23:30 |66883
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Ilham Aliýewi Azerbaýjanyň MA döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygyna doly hukukly agza hökmünde goşulyşmagy bilen gutladyTürkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Ilham Aliýewi Azerbaýjanyň MA döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygyna doly hukukly agza hökmünde goşulyşmagy bilen gutlady
Çeşme: president.az

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Ilham Aliýewi Azerbaýjanyň MA döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygyna doly hukukly agza hökmünde goşulyşmagy bilen gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji Konsultatiw duşuşygynda Azerbaýjan Respublikasynyň bu formatyň işine doly hukukly agza hökmünde goşulyşmagy barada kararyň biragyzdan kabul edilmegi mynasybetli Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewe gutlag hatyny iberdi.

19-njy noýabrda Azerbaýjanyň Prezidentiniň web sahypasynda çap edilen gutlagda Gurbanguly Berdimuhamedow bu wakanyň “taryhy ähmiýete” eýedigini nygtady. Ol “Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjanyň bitewi geosyýasy we geoykdysady giňişligine öwrülmegini” hem-de halklarymyzyň we döwletlerimiziň doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, deňhukuklylyk we hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan güýçli birleşigi döredýändigini alamatlandyrýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri bu kararyň “doly kanunalaýykdygyna hem-de Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Azerbaýjanyň taryhy ösüş ýoluny, olaryň şol bir wagtda zerurlyklaryny we hakyky bähbitlerini dogry beýan edýändigine” berk ynanýandygyny mälim etdi.

Transkontinental baglanyşykdaky orny

Hatda köp asyrlaryň dowamynda halklarymyzyň geografik ýakynlygy, umumy medeni kökleri, şeýle ýakyn medeni we ruhy gymmatlyklary bilen birleşdirilendigi, munuň bolsa “gatnaşyklaryň özboluşly nusgasy” döredendigi bellenilýär.

Sebitiň dünýä ykdysadyýetiň häzirki zaman arhitekturasyndaky esasy orny aýratyn nygtaldy: “Hut Merkezi Aziýa bilen Azerbaýjan köpugurly transkontinental baglanyşyklaryň esasy halkasy bolmaga mynasypdyr”, onsuz häzirki zaman ykdysadyýetiniň deňagramly we durnukly arhitekturasyny döretmek mümkin däl. Azerbaýjanyň bu “beýik maksadyň” durmuşa geçirilmegine gatnaşmagynyň häzirki wagtda goşmaça berk syýasy-hukuk binýadyna daýanýandygy nygtalýar.

Gurbanguly Berdimuhamedow Konsultatiw duşuşygynyň formatynyň “parahatçylygy, ynamy, ylalaşygy, hoşniýetli goňşuçylygy we özara peýdaly hyzmatdaşlygy üpjün edýän iň möhüm meýdança” bolup hyzmat edýändigini belledi hem-de syýasy hyzmatdaşlygyň bu görnüşiniň döredilmeginiň gözbaşynda Türkmenistanyň durandygyny, ilkinji gezek bu başlangyç on bäş ýyldan gowrak wagt ozal öňe sürlendigini buýsanç bilen beýän etdi.

Aşgabadyň başlangyjy we umumy abadançylyk

Türkmen halkynyň Milli Lideri BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda nobatdan daşary Konsultatiw duşuşygynyň hut biziň ýurdumyzyň teklibi bilen gurnalandygyny nygtady. Şol ýerde Türkmenistan Azerbaýjanyň Konsultatiw duşuşyklaryna doly hukukly agza hökmünde goşulmagyny teklip etdi.

“Bu başlangyç Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Prezidentleri tarapyndan Daşkentde doly goldanyldy we bilelikdäki gülläp ösüşimize tarap möhüm hem-de uly geljegi bolan ädim bolandygyny uly hoşallyk bilen belleýärin” – diýip, hatda aýdylýar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Azerbaýjanyň goşulmagy – onuň syýasy abraýyny, ägirt uly serişdelerini, senagat we tehnologik mümkinçiliklerini göz öňünde tutulanda – “ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň ähli ugurlar boýunça ýakynlaşmagynda möhüm görkeziji” boljakdygyna” ynanýandygyny mälim etdi. Bu ädim “Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjanyň dünýä giňişliginde jogapkärli, jebis hyzmatdaşlar hökmünde ornuny we agramyny” ýokarlandyrmakda itergi bolup hyzmat eder.

Gurbanguly Berdimuhamedow sözüniň ahyrynda Ilham Aliýewi geljek ýyl Türkmenistanda geçiriljek Merkezi Aziýanyň döwletleriniň we Azerbaýjanyň döwlet baştutanlarynyň 8-nji Konsultatiw duşuşygyna çagyrdy we Prezident Ilham Aliýewe berk jan saglyk, uzak ömür, doganlyk Azerbaýjan halkyna bolsa – parahatçylyk, bagt, abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdi.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ekranyň üsti bilen syýahat: Türkiýäniň kinematografik taslamalary halkara baýraga mynasyp boldy

Ekranyň üsti bilen syýahat: Türkiýäniň kinematografik taslamalary halkara baýraga mynasyp boldy

15:40 Awgust 02, 2026
Perplexity Personal Computer atly emeli aň agenti Windows ulgamy üçin elýeterli boldy

Perplexity Personal Computer atly emeli aň agenti Windows ulgamy üçin elýeterli boldy

15:28 Awgust 02, 2026
Fortune Global 500 reýtingi: Amazon täze lider boldy, kompaniýalaryň umumy girdejisi bolsa rekord derejä — 43 trillion ABŞ dollaryna ýetdi

Fortune Global 500 reýtingi: Amazon täze lider boldy, kompaniýalaryň umumy girdejisi bolsa rekord derejä — 43 trillion ABŞ dollaryna ýetdi

15:23 Awgust 02, 2026