HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Donald Tramp “C5+1” sammitinde Merkezi Aziýanyň strategik ähmiýetine ýokary baha berdi

Noýabr 07, 2025 | 14:30 |16117
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow döwlet Baştutanlarynyň derejesindäki “Merkezi Aziýa-ABŞ” sammitine (“C5+1”) gatnaşdy we Ak Tamda ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen ikitaraplaýyn duşuşyk geçirdiTürkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow döwlet Baştutanlarynyň derejesindäki “Merkezi Aziýa-ABŞ” sammitine (“C5+1”) gatnaşdy we Ak Tamda ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen ikitaraplaýyn duşuşyk geçirdi
Çeşme: AP

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow döwlet Baştutanlarynyň derejesindäki “Merkezi Aziýa-ABŞ” sammitine (“C5+1”) gatnaşdy we Ak Tamda ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen ikitaraplaýyn duşuşyk geçirdi.

Merkezi Aziýanyň bäş ýurtlarynyň Liderleri bilen ABŞ-nyň Prezidentiniň arasyndaky duşuşyk iş başyndaky agşamlyk naharynyň başynda geçirildi, ondan öň Owal kabinetinde birnäçe ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi.

Trump-Berdimuhamedov -White House.jpg

Giriş sözünde Prezident Donald Tramp sebitiň strategik ähmiýetine ýokary baha berdi. “Biz ykdysady hyzmatdaşlygymyzy pugtalandyrýarys, howpsuzlyk hyzmatdaşlygymyzy gowulandyrýarys we umumy gatnaşyklarymyzy giňeldýäris” – diýip, D.Tramp aýtdy.

tramp-vashington-sammit-c5-plus-1.jpeg

Ol Merkezi Aziýanyň ähmiýetini nygtap, onuň taryhy ornuny belledi: “Bu döwletler bir wagtlar Gündogar bilen Günbatary birleşdirýän gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolupdyr... Häzirki wagtda olaryň Ýewraziýanyň merkezinde ýerleşmegi olara aýratyn ähmiýet we ägirt uly mümkinçilikler berýär”.

D.Tramp, esasan hem, örän möhüm peýdaly minerallary gün tertibiniň esasy bendi hökmünde belläp, ABŞ-nyň dünýäniň dürli künjeklerindäki hyzmatdaşlary bilen üpjünçilik zynjyrlaryny giňeltmek arkaly ykdysady howpsuzlygy berkitmek ugrundaky maksatlaryny tassyklady.

Prezident Tramp öz administrasiýasynyň sebite üns bermedik öňki administrasiýalaryň “ýalňyşlygyny” düzedýändigine ynam bildirdi:

“Men Amerikanyň bu ýurtlaryň her biri bilen hyzmatdaşlygyny öňküden has pugtalandyrmagy maksat edinýärin... Bu dünýädäki iň möhüm sebitleriň biri – köpler muňa düşünmeýär”.

image-07-11-25-02-06-3.jpeg

Türkmenistanyň Prezidenti çakylyk üçin çuňňur minnetdarlyk bildirdi we “C5+1” formatynyň oňyn netijelerini nygtady:

“Biz bu formatyň döredileninden bäri gazanylan oňyn netijeleri görýäris we howpsuzlyk, ykdysadyýet, energetika we daşky gurşawy goramak ýaly strategik taýdan möhüm ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeldýäris”

Türkmenistanyň Baştutany sammitiň netijeleriniň sebitiň ýurtlary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň beýläk-de giňeltmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

tramp-vashington-sammit-c5-plus-1.jpg

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Azerbaýjan, Türkmenistan we Özbegistan “e-TIR” ulgamy arkaly Hazar ugruny synagdan geçirýärler

Azerbaýjan, Türkmenistan we Özbegistan “e-TIR” ulgamy arkaly Hazar ugruny synagdan geçirýärler

23:25 Iýul 22, 2026
ABŞ-nyň Aşgabatdaky diplomatik wekilhanasyna wagtlaýyn Kristin Hokins ýolbaşçylyk eder

ABŞ-nyň Aşgabatdaky diplomatik wekilhanasyna wagtlaýyn Kristin Hokins ýolbaşçylyk eder

22:45 Iýul 22, 2026
Eýran Mary şäherine täze Baş konsuly belledi

Eýran Mary şäherine täze Baş konsuly belledi

22:36 Iýul 22, 2026