Hytaý Kilian Mbappeniň Hytaý baradaky sözleri üçin ötünç soramagyny nazara aldy
Oktýabr 29, 2026 | 20:00 |160
Hytaý fransiýaly futbolçy Kilian Mbappeniň Hytaý barada aýdan jedelli sözlerinden soň ötünç soramagyny nazara aldy. Bu barada çarşenbe güni Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň resmi wekili Go Sýakun habar berdi.
«Biz bu adamyň getiren ötünç soramagyna uly ähmiýet berýäris» diýip, Go Sýakun Pekinde geçirilen yzygiderli metbugat brifinginde aýtdy.
CCTV+-nyň habar bermegine görä, Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň bu beýanaty fransiýaly futbolçynyň Hytaý baradaky öňki sözleri üçin ötünç soramagyna jogap hökmünde edildi.







