Türkmen öndürijileri «SIAL Paris» halkara sergisinde öz önümlerini hödürlediler


2026-njy ýylyň 17-21-nji oktýabry aralygynda Türkmenistanyň hususy kompaniýalary SIAL Paris halkara azyk sergisine gatnaşdylar. Olaryň sapary Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän «Türkmenistan: söwdanyň durnuklylygy we integrasiýa» taslamasynyň çäklerinde Halkara söwda merkezi (HSM) tarapyndan guraldy.
Türkmenistanyň Miwe, Asly Turkmen kompaniýalary, şeýle hem Erem, Miwada we GurFood brendleri guradylan hem-de sublimasiýa usulynda taýýarlanan miweleri, kişmişi, badamy, şeýle hem guradylan miwelerden taýýarlanan süýjüleri öz içine alýan azyk önümleriniň dürli görnüşlerini hödürlediler. Sergä gatnaşmak bilen türkmen öndürijileri üçin daşary ýurtly gatnaşyjylary Türkmenistanda öndürilýän önümler bilen tanyşdyrmaga, mümkin bolan alyjylar bilen işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmaga we täze bazarlara çykmagyň mümkinçiliklerine baha bermäge şert döretdi.

Türkmen kompaniýalary üçin şeýle giň gerimli azyk sergisine gatnaşmak ilkinji tejribe boldy. SIAL Paris sergisi dünýäniň dürli ýurtlaryndan öndürijileri, importçylary, distribýutorlary we bölek satuw ulgamynyň wekillerini bir ýere jemleýär. Sergi meýdançasy gatnaşyjylara daşary ýurtly kärdeşleriniň tejribesini, gaplama boýunça häzirki zaman meýillerini, sertifikatlaşdyrma talaplaryny hem-de önümleri halkara bazarlarynda ornaşdyrmagyň usullaryny öwrenmäge mümkinçilik berdi.
Yhlas Hudaýnazarow, «Miwe» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň direktory: «SIAL Paris 2026 sergisine gatnaşmak kompaniýamyz üçin Türkmenistanda öndürilýän önümleriň tagamyny we hilini görkezmek üçin gowy mümkinçilik boldy. Stendimizde ýerli badamy, şeýle hem Erem brendi bilen çykarylýan sublimasiýa usulynda taýýarlanan önümleri hödürledik. Hödürlän önümlerimiz ýokary hili we bäsdeşlige ukyply bahalary bilen dürli ýurtlardan gelen alyjylarda uly gyzyklanma döretdi. Geçirilen duşuşyklar hyzmatdaşlygy ösdürmek we täze bazarlara çykmak üçin gowy mümkinçilikleri açýar».

SIAL Paris sergisine gatnaşmak HSM-niň Türkmenistanyň agrosenagat pudagyndaky kärhanalaryny goldamak, olaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak we eksport mümkinçiliklerini ösdürmek boýunça alyp barýan yzygiderli işleriniň dowamy boldy.
«Türkmenistan: söwdanyň durnuklylygy we integrasiýasy» taslamasy barada
Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän taslama işewürlik gurşawyny gowulandyrmak we kiçi hem-de orta kärhanalaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak arkaly Türkmenistanda ykdysady ösüşe we mynasyp zähmetiň üpjün edilmegine ýardam etmegi maksat edinýär. Taslama Türkmenistanyň sebitleýin we ählumumy söwda, şol sanda Ýewropa Bileleşigi bilen söwda gatnaşyklaryna işjeň gatnaşmagyna ýardam eder.






