HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Astrahan we Türkmenistan ýaşlar hem-de işewürlik üçin täze mümkinçilikleri açýar

Noýabr 01, 2025 | 14:35 |13207
Astrahan şäherinde Astrahan oblastynyň Daşary aragatnaşyklar ministri Wladimir Golowkow bilen Türkmenistanyň Astrahandaky konsuly Gadam Ilamanowyň arasynda duşuşyk geçirildiAstrahan şäherinde Astrahan oblastynyň Daşary aragatnaşyklar ministri Wladimir Golowkow bilen Türkmenistanyň Astrahandaky konsuly Gadam Ilamanowyň arasynda duşuşyk geçirildi
Çeşme: kaspyinfo-ru

Astrahan şäherinde Astrahan oblastynyň Daşary aragatnaşyklar ministri Wladimir Golowkow bilen Türkmenistanyň Astrahandaky konsuly Gadam Ilamanowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmegiň mümkinçiliklerini, şeýle hem bilim we ýaşlar syýasaty babatynda özara gatnaşyklaryň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Wladimir Golowkowyň belleýşi ýaly, şu ýyl Astrahandan Türkmenistana doňdurylan we guradylan balygyň iberilişi gaýtadan ýola goýuldy, geçen ýyl wagtlaýyn togtadylan bu ugur indi dowam etdirilýär. Mundan başga-da, Türkmenistana bugdaý ununyň eksporty dowam edýär — 2025-nji ýylyň üç çärýeginiň netijeleri boýunça 3 müň tonnadan gowrak önüm ugradyldy.

Duşuşykda ynsanperwer gatnaşyklar aýratyn üns merkezinde boldy. Häzirki wagtda Astrahan oblastynyň okuw edaralarynda 3649 türkmenistanly talyp bilim alýar, bu bolsa geçen okuw ýyly bilen deňeşdirilende 30% köpdür. Bilim maksatnamalary inženerçilik, deňizçilik işi we mugallymçylyk ýaly giň ugurlary öz içine alýar.

Türkmenistanyň Astrahandaky konsuly Gadam Ilamanow sebitiň ýokary okuw mekdepleriniň halkara başlangyçlaryna işjeň gatnaşýandygyny belläp geçdi. Ol general-admiral F.M. Apraksin adyndaky Hazar deňiz we derýa ulaglary institutynyň binýadynda geçirilen «BMG-niň nusgasy: Parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş bähbidine Bitaraplygyň dostlar topary» atly maslahatynyň üstünlikli geçirilendigini nygtady.

Mundan başga-da, gepleşikleriň dowamynda 26–28-nji noýabr aralygynda geçiriljek «Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesi: Täze mümkinçilikler» atly III Astrahan halkara forumyna taýýarlyk meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Foruma Türkmenistanyň wekiliýetiniň gatnaşmagy hem meýilleşdirilýär. Bu forumyň maksady ykdysady gatnaşyklary giňeltmek, ulag-logistika mümkinçiliklerini ösdürmek we Hazar sebitindäki döwletleriň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdyr.

Taraplar uzak ýyllaryň dowamynda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň arasynda emele gelen dostlukly gatnaşyklaryna we özara ynanyşmaga esaslanýan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistanyň Katardaky ilçisi Kataryň Ösüş Gaznasynyň ýolbaşçylygy bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Katardaky ilçisi Kataryň Ösüş Gaznasynyň ýolbaşçylygy bilen duşuşdy

15:05 Awgust 24, 2026
Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

16:00 Awgust 23, 2026
Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

14:00 Awgust 23, 2026