HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Hytaýda CR450 atly dünýäniň iň tiz otlysy synagdan geçirilýär

Oktýabr 22, 2025 | 16:50 |14113
Hytaýda dünýäniň iň tiz elektrik otlysy hasaplanýan ýokary tizlikli CR450 otlysynyň hyzmat amallary boýunça synaglary başlandy.Hytaýda dünýäniň iň tiz elektrik otlysy hasaplanýan ýokary tizlikli CR450 otlysynyň hyzmat amallary boýunça synaglary başlandy.
Çeşme: China Media Group

Hytaýda dünýäniň iň tiz elektrik otlysy hasaplanýan ýokary tizlikli CR450 otlysynyň hyzmat amallary boýunça synaglary başlandy. Synaglar Şanhaý–Çunsin–Çendu ugry boýunça geçirilýär diýip, China Media Group habar berýär.

CR450-niň prototipi geçen ýylyň ahyryndan bäri üznüksiz barlaglardan geçirilýär. Ähli görkezijiler, şol sanda iň ýokary tizligi bolan sagatda 450 kilometre ýetmek ýaly görkezijisi tassyklanandan soň, otly täjirçilik ýolagçy gatnawlaryna goýberilmezden öň 600 müň kilometr aralygy bökdençsiz geçmeli bolar.

Rekord tizlige ýetmek, otlynyň aerodinamiki gurluşynyň we umumy gurluşynyň kämilleşdirilmegi arkaly mümkin boldy. Otlynyň öňki (burun) böleginiň uzynlygy 12,5 metrden 15 metre çenli uzaldyldy, bu bolsa howanyň garşylygyny azaltmaga mümkinçilik berdi.

Işläp taýýarlaýjylaryň beren maglumatlaryna görä, umumy aerodinamiki garşylygy 22% azaldy. Inženerler muny otlynyň hereket edýän bölekleriň ýapyk gurluşy we wagonlaryň aşagyndaky peseldilen gapdal örtükler arkaly ýerine ýetirdiler, bu bolsa tekerleriň howa bilen aragatnaşygyny minimal derejä çenli azaldýar. Otlynyň beýikligi 20 santimetr peseldildi, agramy bolsa 50 tonna azaldyldy.

Soňky bäş ýylyň dowamynda hünärmenler CR450-niň gurluşyny yzygiderli kämilleşdirdiler, hatda 0,1% derejesindäki gowulaşmalary hem belläp geçdiler.

Bu otly 0-dan 350 kilometr/sag tizlikde hereket etmäge bary-ýogy 4 minut 40 sekuntda ýetýär — bu görkeziji häzirki wagtda hereket edýän Fuxing seriýaly otlylardan 100 sekunt çalt, sebäbi olara şol bir tizlige ýetmek üçin 6 minut 20 sekunt gerek bolýar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
«Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» atly forumy Aşgabatda dünýä energetika bazarynyň wekillerini we bilermenlerini jemleýär

«Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» atly forumy Aşgabatda dünýä energetika bazarynyň wekillerini we bilermenlerini jemleýär

23:37 Oktýabr 17, 2026
Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýerewandaky COP17 sammitine gatnaşdy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýerewandaky COP17 sammitine gatnaşdy

23:30 Oktýabr 17, 2026
Serdar Berdimuhamedow Bakudaky sammitde Türkmenistanyň ählumumy başlangyçlaryny Aziýanyň gün tertibine girizmegi teklip etdi

Serdar Berdimuhamedow Bakudaky sammitde Türkmenistanyň ählumumy başlangyçlaryny Aziýanyň gün tertibine girizmegi teklip etdi

23:24 Oktýabr 17, 2026