HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Gruziýanyň Prezidenti bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşdy

Oktýabr 22, 2025 | 11:15 |15306
21-nji oktýabrda Gruziýa amala aşyrýan resmi saparynyň çäginde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Gruziýanyň Prezidenti Mihail Kawelaşwili bilen duşuşyk geçirdi.21-nji oktýabrda Gruziýa amala aşyrýan resmi saparynyň çäginde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Gruziýanyň Prezidenti Mihail Kawelaşwili bilen duşuşyk geçirdi.
Çeşme: mfa.gov.tm

21-nji oktýabrda Gruziýa amala aşyrýan resmi saparynyň çäginde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Gruziýanyň Prezidenti Mihail Kawelaşwili bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri, syýasy dialogy berkitmek, şeýle hem ykdysady we medeni gatnaşyklary ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar iň ýokary we ýokary derejedäki yzygiderli gatnaşyklaryň strategik hyzmatdaşlygyň has-da pugtalandyrylmagyna hyzmat edýändigini bellediler.

1

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Gruziýanyň Prezidenti Mihail Kawelaşwili bilen

Gruziýanyň Prezidentine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowdan hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowdan mähirli salamlar we iň gowy arzuwlar ýetirildi.

Taraplar Türkmenistanyň we Gruziýanyň BMG-niň çäginde biri-biriniň başlangyçlaryny yzygiderli goldaýandyklaryny hem-de halkara derejede bilelikdäki başlangyçlaryň awtory bolup çykyş edýändiklerini bellediler. Gruziýanyň Prezidenti Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk syýasatynyň umumy parahatçylygy üpjün etmäge möhüm goşant goşýandygyny we bu ugurda halkara jemgyýetçiliginiň giň goldawyna eýedigini nygtady.

2

Raşid Meredowyň Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidze bilen duşuşygy.

Şol günüň dowamynda Raşid Meredow Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidze bilen hem duşuşdy. Gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň gerimini ara alyp maslahatlaşdylar. BMG-niň çägindäki köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üstünlikli derejesi aýratyn nygtaldy.

3

Raşid Meredowyň Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidze bilen duşuşygy.

Gruziýanyň Premýer-ministri şu ýylda Türkmenistana amala aşyran saparlarynyň hem-de Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen bolan duşuşyklarynyň netijeliligini belläp, olaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmekde möhüm ähmiýete eýedigini aýtdy.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisiniň Gruziýanyň Içeri işler ministri bilen duşuşygy

Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisiniň Gruziýanyň Içeri işler ministri bilen duşuşygy

21:05 Iýun 19, 2026
Ormuz bogazy gaýtadan açyldy: Eýran geçiş töleglerini ýatyrdy, ABŞ bolsa gabawy aýyrdy

Ormuz bogazy gaýtadan açyldy: Eýran geçiş töleglerini ýatyrdy, ABŞ bolsa gabawy aýyrdy

19:30 Iýun 19, 2026
Özbegistan 2025-nji ýylda 43,1 milliard ABŞ dollary möçberinde maýa goýumy çekdi: Hytaý 15,5 milliard dollar bilen öňdebaryjy, Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky her ýyl 1 milliard ýewro maýa goýýar, 100 ýurtdan müňlerçe wekiller gatnaşdy

Özbegistan 2025-nji ýylda 43,1 milliard ABŞ dollary möçberinde maýa goýumy çekdi: Hytaý 15,5 milliard dollar bilen öňdebaryjy, Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky her ýyl 1 milliard ýewro maýa goýýar, 100 ýurtdan müňlerçe wekiller gatnaşdy

17:00 Iýun 19, 2026