HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan we Gruziýa daşary işler ministrleriniň duşuşygynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkidýärler

Oktýabr 22, 2025 | 10:55 |14543
Oktýabr aýynyň 21-ne Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Gruziýa resmi saparynyň çäginde Gruziýanyň daşary işler ministri Maka Boçorişwili bilen gepleşikleri geçirdi.Oktýabr aýynyň 21-ne Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Gruziýa resmi saparynyň çäginde Gruziýanyň daşary işler ministri Maka Boçorişwili bilen gepleşikleri geçirdi.
Çeşme: mfa.gov.tm

Oktýabr aýynyň 21-ne Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Gruziýa resmi saparynyň çäginde Gruziýanyň daşary işler ministri Maka Boçorişwili bilen gepleşikleri geçirdi.

1

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň Gruziýanyň daşary işler ministri Maka Boçorişwili bilen duşuşygy.

Duşuşykda taraplar syýasy, ykdysady we ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň meseleleri boýunça giň gerimli pikir alyşdylar. BMG-niň hem-de beýleki halkara guramalarynyň çäginde hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ähmiýeti aýratyn bellenip geçildi.

2

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň Gruziýanyň daşary işler ministri Maka Boçorişwili bilen duşuşygy.

Ministrler iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda yzygiderli geňeşmeleriň geçirlmeginiň we ýokary derejeli saparlaryň möhümdigini nygtadylar. Gepleşikleriň dowamynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, taraplar ulag, söwda, bilim, ylym, sport we syýahatçylyk ugurlarynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny bellediler.

Medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek aýratyn ugur hökmünde ara alnyp maslahatlaşyldy. Ministrler Türkmenistanyň we Gruziýanyň halklarynyň arasyndaky dostlugy berkitmäge gönükdirilen özara medeni çäreleri geçirmäge gyzyklanma bildirdiler.

3

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Parlamentiň Başlygy Şalwa Papuaşwiliniň duşuşygy.

Resmi saparyň çäginde Gruziýanyň Parlamentinde hem Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Parlamentiň Başlygy Şalwa Papuaşwili duşuşyk geçirdiler. Taraplar iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmagyň hem-de umumy bähbitlere laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhüm guraly hökmünde parlamentara gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

4

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Parlamentiň Başlygy Şalwa Papuaşwiliniň duşuşygy.

Daşary işler ministri Raşid Meredow daşary syýasatda parlament diplomatiýasynyň aýratyn ornuny belläp, parlamentara hyzmatdaşlygyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösüşiň täze derejesine çykarmakda möhüm ähmiýete eýedigini nygtady. Ol Türkmenistanyň we Gruziýanyň syýasy gatnaşyklarynyň ýokary depginde ösdürilýändigini hem-de täze hil derejesine çykandygyny belledi.

Taraplar deňhukuklylyk we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanyp, iki ýurduň halklarynyň bähbidine strategik hyzmatdaşlygy we özara gatnaşygyň ähli ugurlaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga taýýardyklaryny tassykladylar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisiniň Gruziýanyň Içeri işler ministri bilen duşuşygy

Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisiniň Gruziýanyň Içeri işler ministri bilen duşuşygy

21:05 Iýun 19, 2026
Ormuz bogazy gaýtadan açyldy: Eýran geçiş töleglerini ýatyrdy, ABŞ bolsa gabawy aýyrdy

Ormuz bogazy gaýtadan açyldy: Eýran geçiş töleglerini ýatyrdy, ABŞ bolsa gabawy aýyrdy

19:30 Iýun 19, 2026
Özbegistan 2025-nji ýylda 43,1 milliard ABŞ dollary möçberinde maýa goýumy çekdi: Hytaý 15,5 milliard dollar bilen öňdebaryjy, Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky her ýyl 1 milliard ýewro maýa goýýar, 100 ýurtdan müňlerçe wekiller gatnaşdy

Özbegistan 2025-nji ýylda 43,1 milliard ABŞ dollary möçberinde maýa goýumy çekdi: Hytaý 15,5 milliard dollar bilen öňdebaryjy, Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky her ýyl 1 milliard ýewro maýa goýýar, 100 ýurtdan müňlerçe wekiller gatnaşdy

17:00 Iýun 19, 2026