HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Abdul Gani Baradar Hyratda strategiki taslamalary ara alyp maslahatlaşdylar

Oktýabr 20, 2025 | 23:30 |16885
20-nji noýabrda, Owganystanyň Hyrat welaýatynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady meseleler boýunça orunbasary Abdul Gani Baradar bilen duşuşdy20-nji noýabrda, Owganystanyň Hyrat welaýatynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady meseleler boýunça orunbasary Abdul Gani Baradar bilen duşuşdy
Çeşme: Watan Habarlary

20-nji noýabrda, Owganystanyň Hyrat welaýatynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady meseleler boýunça orunbasary Abdul Gani Baradar bilen duşuşdy.

Abdul Gani Baradar oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty durmuşa geçirýän Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklara Owganystanda ýokary baha berilýändigini belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri öz gezeginde türkmen we owgan halklaryny gadymdan gelýän doganlyk hem-de özara hormat goýmak däpleriniň, umumy ruhy we taryhy gymmatlyklaryň baglanyşdyrýandygyny hem-de ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň hoşniýetli goňşuçylyk we dostluk däpleriniň esasynda yzygiderli ösdürilýändigini belledi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan we Owganystan söwda-ykdysady, ýangyç-energetika we ulag-aragatnaşyk ulgamlarynda hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýändigini tassykladylar. Bellenilişi ýaly, iki ýurduň geografik taýdan amatly ýerleşmegi sebitde üstaşyr ulag geçelgelerini döretmekde möhüm ähmiýete eýedir.

Esasy sebit taslamalarynyň bilelikde durmuşa geçirilmegine aýratyn üns berildi, şolaryň hatarynda: Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisi we optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijisi.

Şu gün ýokarda agzalan taslamalaryň çäklerinde Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşyk işleri bilen bagly dabaraly çäreler geçirildi.

Halk Maslahatynyň Başlygy şeýle giň gerimli taslamalar ýurtlary birleşdirip, halklaryň arasynda dost-doganlyk köprüsi bolup hyzmat etjekdigine berk ynam bildirdi. Şeýle hem bu taslamalaryň iki ýurduň ykdysadyýetini mundan beýläk-de ösdürmäge giň şert döretjekdigine, doganlyk owgan halkynyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga we täze iş ýerleri bilen üpjün etmäge ýardam etjekdigini nygtady.

Abdul Gani Baradar parahatçylygy söýüjilikli goňşusynyň strategiki ähmiýetini beläp, hemişe berýän goldawy we yzygiderli ynsanperwerlik kömegi üçin Gurbanguly Berdimuhamedowa hem-de Prezident Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin bilelikdäki işleriň dowam etjekdigini tassykladylar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
«Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» atly forumy Aşgabatda dünýä energetika bazarynyň wekillerini we bilermenlerini jemleýär

«Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» atly forumy Aşgabatda dünýä energetika bazarynyň wekillerini we bilermenlerini jemleýär

23:37 Oktýabr 17, 2026
Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýerewandaky COP17 sammitine gatnaşdy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýerewandaky COP17 sammitine gatnaşdy

23:30 Oktýabr 17, 2026
Serdar Berdimuhamedow Bakudaky sammitde Türkmenistanyň ählumumy başlangyçlaryny Aziýanyň gün tertibine girizmegi teklip etdi

Serdar Berdimuhamedow Bakudaky sammitde Türkmenistanyň ählumumy başlangyçlaryny Aziýanyň gün tertibine girizmegi teklip etdi

23:24 Oktýabr 17, 2026