HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan we Beýik Britaniýa bilim ulgamynda strategik hyzmatdaşlygy giňeldýärler

Oktýabr 13, 2025 | 16:00 |15608
Britan hünärmenleri ussatlyk sapaklaryny geçirip, STEM maksatnamalaryny we sanly usullary ornaşdyrmak barada maslahatlaşdylarBritan hünärmenleri ussatlyk sapaklaryny geçirip, STEM maksatnamalaryny we sanly usullary ornaşdyrmak barada maslahatlaşdylar
Çeşme: education.gov.tm

2025-nji ýylyň 10–12-nji oktýabry aralygynda Aşgabatda geçirilen halkara serginiň we ylmy maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň hem-de Beýik Britaniýanyň bilim we ylym ugurlarynda hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga gönükdirilen möhüm iş maslahatlary geçirildi.

Britan bilim öňdebaryjylary bilen gepleşikler

11-nji oktýabrda Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň ministriň orunbasary Azat Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen Beýik Britaniýanyň öňdebaryjy akademik guramalarynyň wekilleriniň arasynda gepleşikler geçirildi.

Duşuşyga aşakdaky abraýly guramalaryň wekilleri gatnaşdylar:

• Cambridge University Press and Assessment (Stiwen King)

• Pearson (Arkadiuş Ýaworskiý)

• Norwich Institute for Language Education (Tom Kidl)

• Heriot-Watt University (Jared Filip we Beata Krital)

Gepleşiklere Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti, Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti hem-de Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty ýay Türkmenistanyň degişli ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Ussatlyk sapaklary we täze hyzmatdaşlyk ugurlary

Britan wekilleri iňlis dili mugallymlary we talyplary üçin amaly ussatlyk sapaklaryny geçirdiler. Okuwlar häzirki zaman okatmak usullaryna, dil başarnyklaryny bahalandyrmak, sanly çeşmelere we halkara synaglaryna taýýarlyk meselelerine bagyşlandy.

Taraplar hyzmatdaşlygyň täze strategik ugurlary barada maslahatlaşdylar:

• Mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak we akademik hereketlilik;

• Bilimiň sanlaşdyrylmagy we STEM ugurlary boýunça (ylym, tehnologiýa, inženerçilik, matematika) bilelikdäki maksatnamalaryň girizilmegi;

• Bilelikdäki bilim we ylmy-barlag taslamalarynyň işlenip taýýarlanylmagy.

Geçirilen çäreler Türkmenistanyň halkara ölçeglere laýyklykda bilim ulgamynyň hilini ýokarlandyrmaga, işgärler kuwwatyny pugtalandyrmaga we strategik hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen möhüm ädim boldy.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
ÝB Türkmenistan üçin Hazarüsti ulag geçelgesiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

ÝB Türkmenistan üçin Hazarüsti ulag geçelgesiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

17:32 Iýun 18, 2026
Türkmenistanly söweşiji Döwletjan Ýagşymyradow Nýu-Ýorkda geçiriljek PFL ýaryşynda çykyş eder

Türkmenistanly söweşiji Döwletjan Ýagşymyradow Nýu-Ýorkda geçiriljek PFL ýaryşynda çykyş eder

17:20 Iýun 18, 2026
Brýusselde türkmen metbugat wekiliýeti bilen Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigindäki ilçisiniň arasynda gepleşik geçirildi

Brýusselde türkmen metbugat wekiliýeti bilen Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigindäki ilçisiniň arasynda gepleşik geçirildi

17:09 Iýun 18, 2026