HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Daşoguzyň ykdysatçylary futzal boýunça welaýat çempionatyna işjeň gatnaşdylar

Oktýabr 13, 2025 | 10:20 |1479
Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşiniň welaýatyň Bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirligi bilen bilelikde guramagynda, welaýatyň ykdysady pudagynyň edaralarynyň arasynda futzal boýunça Daşoguz welaýatynyň çempionatynyň 2025-nji ýyldaky tapgyry geçirildiÝaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşiniň welaýatyň Bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirligi bilen bilelikde guramagynda, welaýatyň ykdysady pudagynyň edaralarynyň arasynda futzal boýunça Daşoguz welaýatynyň çempionatynyň 2025-nji ýyldaky tapgyry geçirildi
Çeşme: Guramaçylar tarapyndan berlen

Ýaňy-ýakynda «Türkmenistanda Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyndan» hem-de «Türkmenistanda 2021 – 2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasyndan» ugur alnyp, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de baky Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşiniň welaýatyň Bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirligi bilen bilelikde guramagynda, welaýatyň ykdysady pudagynyň edaralarynyň arasynda futzal boýunça Daşoguz welaýatynyň çempionatynyň 2025-nji ýyldaky tapgyry geçirildi. Her ýyl ýokary guramaçylyk ýagdaýynda geçirilmesi asylly däbe öwrülen hem-de ykdysady pudagyň ýaşlarynyň uly höwes bilen gatnaşýan bäsleşigi Daşoguz şäherindäki “Garaşsyzlyk” sport desgasynyň ýapyk meýdançasynda geçirildi. Oýunlar biri-birinden gyzykly we gyzgalaňly ýagdaýda geçdi.

1

Netije-de, Daşoguz welaýat “Türkmenstandartlary” döwlet gullugynyň ýygyndy topary 1-nji orna hem-de welaýatyň ykdysady pudagynyň edaralarynyň arasynda futzal boýunça Daşoguz welaýatynyň çempiony diýen hormatly ada mynasyp boldy. Daşoguz welaýat salgyt bölüminiň hem-de Daşoguz welaýat Baş maliýe we ykdysadyýet müdirliginiň ýygyndy toparlary degişlilikde 2-nji we 3-nji orunlary eýelediler. Toparlaryň oýunçylaryna Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşiniň Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
ŞHG sebit durnuklylygyny we ykdysady hyzmatdaşlygy güýçlendirmegi maksat edinýär

ŞHG sebit durnuklylygyny we ykdysady hyzmatdaşlygy güýçlendirmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 21, 2026
Kuala-Lumpuryň üstünde tüsseli duman iki hepde bäri saklanýar

Kuala-Lumpuryň üstünde tüsseli duman iki hepde bäri saklanýar

17:00 Oktýabr 21, 2026
Wan I Ýewraziýa saparynyň netijelerini jemledi: ynam, dostluk, hyzmatdaşlyk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklary

Wan I Ýewraziýa saparynyň netijelerini jemledi: ynam, dostluk, hyzmatdaşlyk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklary

15:00 Oktýabr 21, 2026