HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

“Ýumşak güýjiň" uzak möhletleýin ugry: Türkmenistan medeni diplomatiýasynyň strategiýasyny kabul etdi

Oktýabr 09, 2025 | 01:25 |12818
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Bahar Seýidowa çarşenbe güni geçirilen Türkmenistanyň Hökümet mejlisinde “Türkmenistanyň medeni diplomatiýasyny ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyny tassyklamak hakynda” Kararynyň taslamasy barada hasabat berdiMinistrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Bahar Seýidowa çarşenbe güni geçirilen Türkmenistanyň Hökümet mejlisinde “Türkmenistanyň medeni diplomatiýasyny ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyny tassyklamak hakynda” Kararynyň taslamasy barada hasabat berdi
Çeşme: orient.tm

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Bahar Seýidowa çarşenbe güni geçirilen Türkmenistanyň Hökümet mejlisinde “Türkmenistanyň medeni diplomatiýasyny ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyny tassyklamak hakynda” Kararynyň taslamasy barada hasabat berdi.

Şeýle uzak möhletleýin resminamanyň kabul edilmegi (27 ýyl) medeni diplomatiýanyň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň sütünleriň birine öwrülýändigini, syýasy we ykdysady nukdaýnazardan üstüni ýetirip ynsanperwerleşýändigini nygtaýar

Strategiýada baý milli medeni mirasa, gadymy däp-dessurlary we ýol-ýörelgeleri, halklary jebisleşdirmek we dostluk gatnaşyklaryny berkitmek üçin güýçli gural hökmünde garalýar.

Strategiýanyň esasy maksady, milli medeni mirasy “ýumşak güýjiň” kuwwatly guralyna öwürmekden ybaratdyr. Resminama ajaýyp däp-dessurlaryň halkara derejede ykrar edilmegine, millilige ýugrulan, kämillige gönükdirilen ýol-ýörelgeleri mynasyp wagyz edilmegine, döwletleriň arasynda uzak möhletleýin gatnaşyklaryň ýola goýulmagyny gazanmaga, halklary jebisleşdirmäge we dostlaşdyrmakda medeni diplomatiýanyň ornuny pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

Prezident Serdar Berdimuhamedow “Türkmenistanyň medeni diplomatiýasyny ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyny tassyklamak hakynda” Karara gol çekdi we wise-premýere bu uzak möhletleýin taslamanyň durmuşa geçirilmegi barada degişli tabşyryklary berdi.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
ŞHG sebit durnuklylygyny we ykdysady hyzmatdaşlygy güýçlendirmegi maksat edinýär

ŞHG sebit durnuklylygyny we ykdysady hyzmatdaşlygy güýçlendirmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 21, 2026
Kuala-Lumpuryň üstünde tüsseli duman iki hepde bäri saklanýar

Kuala-Lumpuryň üstünde tüsseli duman iki hepde bäri saklanýar

17:00 Oktýabr 21, 2026
Wan I Ýewraziýa saparynyň netijelerini jemledi: ynam, dostluk, hyzmatdaşlyk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklary

Wan I Ýewraziýa saparynyň netijelerini jemledi: ynam, dostluk, hyzmatdaşlyk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklary

15:00 Oktýabr 21, 2026