HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Özbegistan 2000-den gowrak döwlet işgärini AI bilen çalyşýar

Oktýabr 09, 2025 | 18:00 |14817
1-nji noýabra çenli ýerine ýetiriji häkimiýet ulgamynda 2141 işgär birligi ýatyrylar1-nji noýabra çenli ýerine ýetiriji häkimiýet ulgamynda 2141 işgär birligi ýatyrylar
Çeşme: uza.uz

Giň gerimli dolandyryş özgertmeleriň we emeli aň (AI) tehnologiýalarynyň işjeň ornaşdyrylmagynyň çäginde, Özbegistanyň Hökümeti işgär sanyny ep-esli azaltmak baradaky karara geldi. Şunuň bilen baglylykda Prezident Şawkat Mirziýoýew degişli karara gol çekdi. 1-nji noýabra çenli ýerine ýetiriji häkimiýet ulgamynda 2141 sany işgär birligi ýatyrylar.

Işgärleriň azalmagy ýurduň esasy ministrliklerine we komitetlerine degişlidir. Häkimýet edarasy sanlaşdyrma prosesleriniň döwlet dolandyryşynyň netijeliligini diňe bir saklamaga däl, eýsem ýokarlandyrmaga hem mümkinçilik berjekdigine ynanýarlar.

Iň uly üýtgeşmeler aşakdaky ministrliklerde we komitetlerde amala aşyrylar:

• Salgyt komiteti — 498 işgär azaltmaly.

• Suw hojalygy ministrligi — 224 wezipe azaldylar.

• Oba hojalygy ministrligi — 200 işgär birligi ýatyrylýar.

• Adalat ministrligi — 197 işgär azaltmaly.

• Ekologiýa ministrligi — 176 işgär azaltmaly.

Kararda işden boşadylan işgärleriň ykbaly aýratyn üns merkezinde saklanylýar. Zähmet ministrligi Kärdeşler arkalaşyklary federasiýasy bilen bilelikde olary täzeden taýýarlamak we işe ýerleşdirmek bilen meşgullanar.

Bu çözgüt sebitiň sanly özgertmelere tarap umumy ugruny açyp görkezýär. Meselem, goňşy Gazagystanda hem bu ugurda işjeň çäreler görülýär: sentýabrda ýurtda Emeli aň we sanly ösüş ministrliginiň döredilmegi barada habar berildi. Bilermenleriň belleýşi ýaly, AI tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy Merkezi Aziýada döwlet dolandyryşynyň adaty ulgamlarynyň täzeden gurluşyna getirýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Fransiýa jöwzaly yssa taýýarlanýar: Fransiýanyň Banky munuň ykdysadyýete ýetirjek täsirlerine baha berýär

Fransiýa jöwzaly yssa taýýarlanýar: Fransiýanyň Banky munuň ykdysadyýete ýetirjek täsirlerine baha berýär

18:00 Iýun 22, 2026
Ýarym million ýürek, bir gol: Kabo-Werde nähili edip dünýä çempionyny saklady we adalara taryhy deňligi getridi

Ýarym million ýürek, bir gol: Kabo-Werde nähili edip dünýä çempionyny saklady we adalara taryhy deňligi getridi

17:00 Iýun 22, 2026
Sanly ŞHG: Gyrgyzystan galp maglumatlara garşy göreşmek we mazmun alyşmak üçin media öňdebaryjylaryny bir ýere ýygnady

Sanly ŞHG: Gyrgyzystan galp maglumatlara garşy göreşmek we mazmun alyşmak üçin media öňdebaryjylaryny bir ýere ýygnady

16:00 Iýun 22, 2026