HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ankara 2026-njy ýylyň 16–19-nji apreli aralygynda 8-nji Türkiýe öndürijilik we tehnologiýa sergisini kabul eder

Oktýabr 08, 2025 | 14:00 |13593
2026-njy ýylyň 16–19-njy apreli aralygynda Ankaradaky ATO Congresium merkezinde Aryen Mediapark Mimarlık İletişim ve Sanayi Ticaret A.Ş. tarapyndan guralýan 8-nji Türkiýe öndürijilik we tehnologiýa sergisi geçiriler.2026-njy ýylyň 16–19-njy apreli aralygynda Ankaradaky ATO Congresium merkezinde Aryen Mediapark Mimarlık İletişim ve Sanayi Ticaret A.Ş. tarapyndan guralýan 8-nji Türkiýe öndürijilik we tehnologiýa sergisi geçiriler.
Çeşme: verimlilikveteknoloji.com

2026-njy ýylyň 16–19-njy apreli aralygynda Ankaradaky ATO Congresium merkezinde Aryen Mediapark Mimarlık İletişim ve Sanayi Ticaret A.Ş. tarapyndan guralýan 8-nji Türkiýe öndürijilik we tehnologiýa sergisi geçiriler.

Sergä döwlet edaralary hem gatnaşar. Olaryň hatarynda: Milli goranmak ministrligi, Daşky gurşawy goramak, şähergurluşyk we howa üýtgemegi ministrligi, Içeri işler ministrligi, Ýaşlar we sport ministrligi, Oba hojalygy we tokaý hojalygy ministrligi, Saglygy goraýyş ministrligi hem-de Milli bilim ministrligi bar.

1

Serginiň esasy maksady – öndürijiligi ýokarlandyrýan öňdebaryjy tehnologiýalary görkezmek we olary ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda — goranyş senagaty, energetika, oba hojalygy, aragatnaşyk, saglygy goraýyş we ulag ulgamlarynda — ornaşdyrmakdyr. Çärede aýratyn üns emeli aň tehnologiýalaryna berler, olar serginiň esasy temasy bolar.

Sergi ýerli we halkara kompaniýalaryň, döwlet edaralarynyň we ylmy-akademik jemgyýetçiligiň arasynda B2B duşuşyklary geçirmek üçin giň platforma hödürleýär. Bu mümkinçilik gatnaşyjylara hyzmatdaş tapmak, distribýutorlar we üpjün edijiler bilen aragatnaşyk gurmak, şeýle hem bilelikdäki taslamalary ösdürmek üçin şert döredýär.

2

Çäräniň çäginde halkara hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek we innowasion çözgütleri Türkiýe bazarynda ornaşdyrmak maksady bilen panel duşuşyklary, seminarlar, hyzmatdaşlyk sessiýalary we startap bäsleşikleri geçiriler.

Bu sergi her ýyl takmynan 80 müňden gowrak myhmany we 200-e golaý gatnaşynyjy ýygnap, olaryň arasynda Aselsan, Havelsan, Ulak, TÜBİTAK, MKE, Sarsılmaz, TUSAŞ we TAI ýaly öňdebaryjy kompaniýalar bar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

21:00 Awgust 20, 2026
Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

19:59 Awgust 20, 2026
Aşgabatda Kids Expo Chess Cup 2026 halkara ýaryşy başlandy

Aşgabatda Kids Expo Chess Cup 2026 halkara ýaryşy başlandy

18:12 Awgust 20, 2026