HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Sekiz minutda döredilen chatbot: OpenAI täze AgentKit ady bilen emeli aň agentlerini döretmek guraly bilen tanyşdyrdy

Oktýabr 08, 2025 | 11:25 |11787
OpenAI kompaniýasy programmirlemesiz emeli aň agentlerini döretmäge mümkinçilik berýän täze guraly — AgentKit bilen tanyşdyrdy.OpenAI kompaniýasy programmirlemesiz emeli aň agentlerini döretmäge mümkinçilik berýän täze guraly — AgentKit bilen tanyşdyrdy.
Çeşme: EA tarapyndan düzülen

OpenAI kompaniýasy programmirlemesiz emeli aň agentlerini döretmäge mümkinçilik berýän täze guraly — AgentKit bilen tanyşdyrdy. Täze platforma DevDay atly maslahatda görkezildi.

AgentKit ulanyjylara agentiň hereket logikasyny tapgyrlaýyn kesgitlemäge mümkinçilik berýän wizual guralyny hödürleýär: ulanyjy bilen aragatnaşykdan başlap, internet çeşmelerine ýüzlenmek, maglumatlar binýady bilen işlemäge we jogaplary belli formatda düzmäge çenli mümkinçilikler göz öňünde tutulandyr.

Täze guralyň esasy aýratynlygy — onuň ýönekeýligi we tizligi. DevDay-de geçirilen görkezilişde OpenAI wekilleri bary-ýogy sekiz minutda web sahypasy üçin doly işleýän chatbot döretdiler. Mundan başga-da, AgentKit-de emeli aňyň hereketlerini gözegçilikde saklamak üçin goşmaça howpsuzlyk serişdeleri hem girizilendir.

Platforma dürli ugurlar üçin niýetlenendir — kiçi telekeçilikde müşderi goldaw botlaryny döretmekden başlap, iri kompaniýalarda hakyky wagt tertibinde statistikany seljerýän içki maslahatçy agentlere çenli.

DevDay gatnaşyjylary eýýäm AgentKit-iň irki elýeterliligini alyp başladylar. OpenAI täze önümine umumy elýeterliligiň haçan başlanjakdygyny entek resmi taýdan mälim etmedi.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Fransiýa jöwzaly yssa taýýarlanýar: Fransiýanyň Banky munuň ykdysadyýete ýetirjek täsirlerine baha berýär

Fransiýa jöwzaly yssa taýýarlanýar: Fransiýanyň Banky munuň ykdysadyýete ýetirjek täsirlerine baha berýär

18:00 Iýun 22, 2026
Ýarym million ýürek, bir gol: Kabo-Werde nähili edip dünýä çempionyny saklady we adalara taryhy deňligi getridi

Ýarym million ýürek, bir gol: Kabo-Werde nähili edip dünýä çempionyny saklady we adalara taryhy deňligi getridi

17:00 Iýun 22, 2026
Sanly ŞHG: Gyrgyzystan galp maglumatlara garşy göreşmek we mazmun alyşmak üçin media öňdebaryjylaryny bir ýere ýygnady

Sanly ŞHG: Gyrgyzystan galp maglumatlara garşy göreşmek we mazmun alyşmak üçin media öňdebaryjylaryny bir ýere ýygnady

16:00 Iýun 22, 2026