HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Gurbanguly Berdimuhamedow – türki dünýäsiniň mirasy we strategiýasy barada. Täze Ýüpek ýoly.

Oktýabr 08, 2025 | 00:08 |14006
7-nji oktýabrda, Azerbaýjanyň Gabala şäherinde Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) döwlet Baştutanlarynyň XII sammiti geçirildi. Türkmenistan bu düzümde synçy döwlet derejesine eýedir7-nji oktýabrda, Azerbaýjanyň Gabala şäherinde Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) döwlet Baştutanlarynyň XII sammiti geçirildi. Türkmenistan bu düzümde synçy döwlet derejesine eýedir
Çeşme: açyk çeşmelerden

7-nji oktýabrda, Azerbaýjanyň Gabala şäherinde Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) döwlet Baştutanlarynyň XII sammiti geçirildi. Türkmenistan bu düzümde synçy döwlet derejesine eýedir.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow sammitde eden çykyşynda nygtaýşy ýaly, TDG – bu düzüm umumy taryhymyza, medeniýetimize we ruhy mirasymyza esaslanýar hem-de onuň esasy maksady – agzybirligi pugtalandyrmak we aňsat bolmadyk şertlerde dünýä jemgyýetçiliginiň ösüşinde bilelikdäki hereketleri utgaşdyrmaga gönükdirilendir.

Türkmenistanyň halkara giňişliginde parahatçylyk, durnuklylyk we ynanyşmak ýörelgelerine ygrarlydygyny nygtady şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan etmek hakyndaky kararnamasyny belledi. Halk Maslahatynyň Başlygy sammite gatnaşyjylary bu şanly sene we Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek halkara foruma çagyrdy.

Häzirki zaman Ýüpek ýoly: energetika we logistika

Gurbanguly Berdimuhamedow, taryhy bitewlige ünsi çekip, türki halklarynyň ata-babalarynyň dünýä taryhynda, şol sanda söwdanyň ösüşinde-de möhüm yz galdyrandygyny nygtady:

“Hytaýdan başlanýan bu ýoluň [Beýik Ýüpek ýoly] esasy ugurlary doganlyk ýurtlarymyzyň üstünden geçip, Ýewropa döwletleriniň çäklerine çenli uzapdyr. Beýik Ýüpek ýoly dürli medeniýetleri, dünýägaraýyşlary we ykdysady şertleri özara birleşdiripdir. Aziýa, Ýakyn Gündogar, Ýewropa halklarynyň arasynda ylym-bilimiň, däp-dessurlaryň, ruhy gymmatlyklaryň alyş-çalyş edilmegine mümkinçilik döredipdir...”.

Asylly we uzak möhletleýin maksatlary amala aşyrmak üçin Türkmenistan häzirki wagtda energetika, ulag-logistika, aragatnaşyk we beýleki strategik ähmiýetli ugurlarda iri taslamalary öňe sürýär we işjeň işleri alyp barýar.

08102025-berdymuhamedov-ots-novyy-shelkovyy-put (2).jpeg

Medeni karta: bedew atlardan talyp haka çenli

TDG-niň arasyndaky gatnaşyklarda medeni-ynsanperwer ulgama aýratyn orun degişlidir. Türki halklaryň özboluşly milli aýratynlyklaryny we ruhy gymmatlyklaryny gorap saklamak üçin Gurbanguly Berdimuhamedow birnäçe anyk teklipleri öňe sürdi:

Medeniýet günleri we bilelikdäki çäreler. Ýakyn wagtda Azerbaýjanda Türkmenistanyň Medeniýet günlerini geçirmek meýilleşdirilýär.

Däp-dessurlary gaýtadan dikeltmek. Iki halkyň arasynda bedew atlary, hususan-da, ahalteke we garabag atlaryny ösdürip ýetişdirmek boýunça gadymy sungaty gaýtadan dikeltmek babatda işleşmegi göz öňünde tutýar.

Akademiki alyşmalar. Ylym we bilim ulgamynda akademiki alyşmalary giňeltmäge şeýle hem talyp haky maksatnamalaryny ýola goýmaga aýratyn ähmiýet berilmegi teklip edildi.

Sport. Ýaşlaryň arasynda fiziki işjeňligi wagyz edýän maksatnamalary amala aşyrmak üçin halkara ýaryşlary we türgenleşik çärelerini geçirmek.

ots-novyy-shelkovyy-put.jfif

Türkmen halkynyň Milli Lideri çykyşynyň ahyrynda: “Ata-babalarymyzyň dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmek baradaky wesýetlerine eýerip, öňümizde duran möhüm wezipeleri ýerine ýetirmek üçin Türkmenistan Türki Döwletleriň Guramasyna girýän ähli döwletler bilen has önjeýli we ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge hemişe taýýardyr” – diýip, aýdanlaryny tassyklady.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisiniň Gruziýanyň Içeri işler ministri bilen duşuşygy

Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisiniň Gruziýanyň Içeri işler ministri bilen duşuşygy

21:05 Iýun 19, 2026