HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Serdar Berdimuhamedow Horwatiýanyň DIM-niň ýolbaşçysy Grliç-Radmany kabul etdi

Oktýabr 07, 2025 | 22:50 |12969
7-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Horwatiýa Respublikasynyň Daşary we Ýewropa işleri ministri Gordan Grliç-Radmany kabul etdi7-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Horwatiýa Respublikasynyň Daşary we Ýewropa işleri ministri Gordan Grliç-Radmany kabul etdi
Çeşme: MVEP

7-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Horwatiýa Respublikasynyň Daşary we Ýewropa işleri ministri Gordan Grliç-Radmany kabul etdi.

Duşuşygyň dowamynda diplomat Horwatiýanyň Prezidenti Zoran Milanowiçiň we Premýer-ministr Andreý Plenkowiçiň Türkmenistanyň Baştutanyna we türkmen halkynyň Milli Liderine iberen mähirli salamyny ýetirdi hem-de Horwatiýanyň Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýändigini nygtady.

Prezident Serdar Berdimuhamedow bu saparyň özara bähbitli döwletara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Horwatiýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar dostluk, deňhukuklylyk, özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýar. Türkmenistan halkara derejede ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanyp, dünýä döwletleri bilen parahatçylyk söýüjilikli gatnaşyklary alyp barýar.

Nygtalyşy ýaly, syýasy-diplomatik gatnaşyklar işjeň häsiýete eýedir. Horwatiýanyň Türkmenistanyň BMG-niň çäklerinde öňe sürýän netijeli başlangyçlarynyň awtordaşy bolmagy, Türkmenistanyň hem, öz gezeginde, birnäçe halkara guramalara saýlawlarda Horwatiýany goldamagy munuň aýdyň mysalydyr.

Prezident Serdar Berdimuhamedow horwat wekiliýetiniň saparynyň maksatnamasynyň amaly häsiýete eýedigini hem-de ykdysady gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga gönükdirilendigini belledi.

Saparyň maksatnamasy Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-horwat hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisiniň geçirilmegini öz içine alýar. Onuň dowamynda söwda, ykdysady, energetika, ulag pudaklarynda, beýleki ileri tutulýan ugurlarda hyzmatdaşlygyň geljekki ösüş mümkinçiliklerine jikme-jik serediler şeýle hem, işewür forumyň arasynda telekeçileriň arasynda göni gepleşik gurmak, bilelikdäki taslamalary beýan etmek we özara peýdaly hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemek meýilleşdirilýär.

Döwlet Baştutany Türkmenistanyň syýasy, ykdysady, söwda we medeni-ynsanperwer ulgamlarda dialogy yzygiderli ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini aýdyp, bu babatda horwat tarapynyň anyk tekliplerine seretmäge taýýardygyny tassyklady.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisiniň Gruziýanyň Içeri işler ministri bilen duşuşygy

Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisiniň Gruziýanyň Içeri işler ministri bilen duşuşygy

21:05 Iýun 19, 2026