HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan bilen Russiýanyň Prezidentleri telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdiler

Oktýabr 07, 2025 | 22:15 |12382
Däp bolşy ýaly dostlukly ýagdaýda geçirilen dialog rus Lideriniň doglan gününe gabat geldi. Türkmenistanyň Prezidenti Prezident Wladimir Putini doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlap, oňa berk jan saglyk, abadançylyk, döwlet işlerinde üstünlikleri arzuw etdiDäp bolşy ýaly dostlukly ýagdaýda geçirilen dialog rus Lideriniň doglan gününe gabat geldi. Türkmenistanyň Prezidenti Prezident Wladimir Putini doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlap, oňa berk jan saglyk, abadançylyk, döwlet işlerinde üstünlikleri arzuw etdi
Çeşme: orient.tm

Däp bolşy ýaly dostlukly ýagdaýda geçirilen dialog rus Lideriniň doglan gününe gabat geldi. Türkmenistanyň Prezidenti Prezident Wladimir Putini doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlap, oňa berk jan saglyk, abadançylyk, döwlet işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň strategiki derejesini nygtady we olaryň deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýandygyny belledi. Şeýle hem döwlet Baştutany rus Liderine döwletara dialogyň ösdürilmegine uly üns berýändigi üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Wladimir Putin öz gezeginde gutlaglar üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Baştutanyna hyzmatdaşlygyň pugtalandyrmagyna goşýan uly goşandyna ýokary baha berdi. Rus Lideri şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Türkmenistanyň Baştutany russiýaly kärdeşini Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň wekilçilikli forumyna gatnaşmaga çagyrdy. Forum şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriler.

Wladimir Putin çakylyk üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyga esaslanýan syýasatynyň sebitde parahatçylygy we abadançylygy pugtalandyrmakda möhüm ähmiýetini belledi.

Söhbetdeşlikde döwlet Baştutanlary Türkmenistanyň we Russiýanyň dürli ugurlar boýunça üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändigini bellediler. Şol bir wagtyň özünde Prezident Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň sebitleri bilen ýola goýlan netijeli gatnaşyklary aýratyn belledi. Munuň özi bolsa döwletara dialogyň möhüm ugrudyr.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisiniň Gruziýanyň Içeri işler ministri bilen duşuşygy

Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisiniň Gruziýanyň Içeri işler ministri bilen duşuşygy

21:05 Iýun 19, 2026